Merkezi Aziýada gan dökülen bir ýyl, wezipäniň nesle geçmek nusgasy we bäsleşiksiz saýlawlar

Merkezi Aziýada gan dökülen bir ýyl, wezipäniň nesle geçmek nusgasy we bäsleşiksiz saýlawlar

2022-nji ýyl Merkezi Aziýada gan döküşikligiň we konfliktleriň ýyly boldy. Awtoritar düzgünli häkimiýetler agyr kynçylyklara duçar bolsa-da, syýasy meseleleri köne usullar bilen çözdüler, göz üçin saýlawlary geçirdiler, halky batly we boş wadalar bilen "doýurdy".

MERKEZI AZIÝANYŇ BIR ÝURDUNDAN BOLAN SÖWEŞIJILER KIM?

2022-nji ýyl Gazagystanda köpçülikleýin protestler bilen başlandy. Munuň sebäbi ýurduň günbatarynda suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlanmagy boldy. Sanly günüň içinde, demonstrasiýalar beýleki sebitlerde we şäherlerde-de bolup geçdi.

Protestler 2-nji ýanwardan 7-nji ýanwar aralygynda bolup geçdi we gan döküşikli gutardy. Ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, prezident howpsuzlyk güýçlerine duýduryş bermezden ok atmaga buýruk berdi. Resmi maglumatlara görä, azyndan 238 adam öldi, birnäçe müň adam ýaralandy.

Ýanwar wakalary iň ýokary derejesine ýetende, prezident Kasym-Žomart Tokaýew Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň kürsüsini eýeledi. Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy wezipesini prezidentlikden çekilenden soň, ýörite kabul edilen kanuna laýyklykda, Nursoltan Nazarbaýew eýeläp gelýärdi.

Birnäçe ýokary wezipeli resmiler wezipesinden mahrum edildi, Askar Maminiň hökümeti otstawka gitdi. Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Karim Masimow "häkimiýeti zor bilen ele geçirmek" synanyşygynda we "döwlete dönüklikde" şübhe bildirilip, tussag astyna alyndy.

Şol bulaşyk günlerde prezident “diňe Almaty şäherine 20 000 terrorist" tarapyndan hüjüm edilendigini aýtdy.Soňra döwlet telekanalyna beren interwýusynda, prezident Kasym-Žomart Tokaýew bolan wakany "bilermenler tarapyndan seresaplylyk bilen meýilleşdirilen terrorçylyk operasiýasy" diýip atlandyrdy.

Ol interwýuda Tokaýew, hamana, gazanç etmäge gelýän işçileriň ady bilen "Merkezi Aziýanyň bir şäherinden" uçup gelen söweşijilerdigini aýtdy, ýöne söweşijileriň Merkezi Aziýanyň haýsy ýurdundan we şäherinden gelendigini aýtmady.

Ýanwar wakalarynda wepat bolanlaryň resmi sanawy häkimiýetler tarapyndan awgust aýynda çap edildi.

Protest wagtynda saklananlara garşy tussaglyk merkezlerinde we polisiýa bölümlerinde gynamalaryň bolandygyny, azyndan alty adamy tä ölýänçä gynandyklaryny habar berdiler. Prezidentlik saýlawlarynyň öňýany "agyr" jenaýat etmediklere amnistiýa yglan edildi.

Iýun aýynda prezident Tokaýew Konstitusiýa üýtgeşme geçirmek üçin, referendum geçirdi. Esasy Kanundan ilkinji prezident baradaky ähli maddalar aýryldy. Sentýabr aýynda Konstitusiýa ýene-deüýtgeşme girizildi.

Noýabr aýynda "oýnatgy" kandidatlar bilen geçirilen irki prezident saýlawlarynda, Tokaýew gaýtadan saýlanyp, ýedi ýyllyk möhlete eýe boldy.

GARAŞSYZLYK STATUSYNYŇ AÝRYLMAGYNA GARŞY ÇYKYŞ EDEN GARAGALPAGYSTAN

2022-nji ýylda Özbegistan Konstitusiýa girizilen düzedişler boýunça referendum geçirmegi planlaşdyrdy. Ses berlişigiň 8-nji dekabrda Konstitusiýa güni belleniljekdigi habar berildi. Bilermenleriň pikirine görä, bu, esasan, häzirki prezident Şawkat Mirziýoýewiň möhletini uzaltmak maksady bilen amala aşyrylmalydy. Häzirki kanuna laýyklykda, prezident iki gezek bäş ýyllyk möhlete saýlanyp bilner. Şawkat Mirziýoýew 2021-nji ýyldaky saýlawlarda ikinji möhlete saýlandy.

Eger-de Daşkendiň teklip edýän üýtgetmeleri kabul edilse, Mirziýoýewiň 2040-njy ýyla çenli prezident bolup galmaga mümkinçiligi bolar.

Iýul aýynda Özbegistanyň Konstitusiýasynyň üýtgetmeler girizilen taslamasy halka hödürlendi.

Özbegistanyň Esasy Kanunynyň täze neşirinde, Garagalpagystanyň "özygtyýarlyk" statusyny aýyrmak göz öňünde tutulypdyr we "referendum arkaly" Özbegistandan aýrylmak hukugy aýrylypdyr. Oňa Garagalpagystanyň ýaşaýjylary garşy çykdylar. Protestler bidüzgünçilige öwrüldi.

Özbegistanyň häkimiýetleri Nöküsde we beýleki şäherlerde bolan köpçülikleýin protestleri güýç bilen togtatdylar. Resmi maglumata görä, protestler mahalynda 18 adam ýogaldy, 516 adam ýaralandy.

HRW halkara guramasy häkimiýetleriň Nöküsde güýç ulanmagyny ýazgaryp, garaşsyz barlag geçirilmegine çagyryş etdi.

Bu wakalardan soň prezident Mirziýoýew Konstitusiýadaky Garagalpagystanyň statusy baradaky maddalaryň üýtgewsiz galjakdygyny aýtdy. Konstitusiýanyň bäş maddasynda Garagalpagystan özygtyýarly respublika diýilýär, onuň öz Konstitusiýasy bar, referendum arkaly Özbegistandan aýrylyp biler. Garagalpagystan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar ylalaşyklar esasynda ýola goýulýar.

Pajygaly wakalardan soň referendumyň geçiriljek senesi soňa goýuldy. Ses berlişiginiň 2023-nji ýylyň baharynda bolup biljekdigi habar berilýär.

SERHETDÄKI GAN DÖKÜŞLIK

Içerki kynçylyklary üçin, Özbegistanyň hökümeti hem Gazagystan ýaly, "daşky duşmany" günäkärlediler. Täjigistanyň häkimiýetleri-de Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda bolan çaknyşykda, şol bir bahanalara ýüzlendiler. Daglyk-Badahşanda 16 adamyň ölümine sebäp bolan protestlere gatnaşyjylary daşyndan buýruk alan jenaýatçy toparyň agzalary atlandyryp, ýurduň içinde durnuksyzlygy döredijiler diýdiler. Häkimiýetler geçirilen çäräni "terrora garşy operasiýa" atlandyryp, protestleri basyp ýatyrdylar.

2022-nji ýylda Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň serhedinde ýene gapma-garşylyk bolup, ol gan döküşlige öwrülipdi.Sentýabr aýynyň başynda, Woruh anklawynyň golaýynda ok atyldy, taraplar biri-birini günäkärläp, çaknyşykda agyr tehnikany ulandylar.

Resmi maglumatlara görä, gyrgyz tarapynda 59 adam, täjik tarapyndan 41 adam ölüpdir.Resmi bolmadyk maglumatlara görä, ýogalanlaryň sany has ýokary bolup biler.Bu waka bilen baglylykda, adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, serhetýaka obalaryň ýaşaýjylary ewakuasiýa edildi.

Taraplar ýarag atyşygy bes etmek barada ylalaşdylar, emma ylalaşyklardan soň hem biri-birini şertnamany bozmakda aýypladylar.

Oktýabr aýynda gyrgyz häkimiýetleri RFE/RL-niň Gyrgyz saýtyny ýapdy. Bişkek ol saýtda "tassyklanmadyk maglumatlary çap edýärler we jemgyýetde agzalalyk döredýär" diýdi. Soňra Azatlygyň bank hasaplary doňduryldy. Gyrgyzystanda beýleki köpçülikleýin habar serişdelerine basyşlar artdy.

2022-nji ýylda Gyrgyzystanda Kempirabad suw howdanynyň golaýyndaky ýeriň bir bölegini Özbegistana geçirmek we suw howdanyny bilelikde dolandyrmak baradaky ylalaşyk hem çekişmelere sebäp boldy. Oktýabr aýynda Bişkekde bu ylalaşyga garşy çykan 30-a golaý syýasatçy we aktiwist tussag edildi. Olary "köpçülikleýin bidüzgünçiligi guramak synanyşygynda" aýypladylar.

MERKEZI AZIÝADA WEZIPE ÇALŞYGY

2022-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerine onuň ogly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti boldy. Öňki sowet giňişliginde, şeýle usul öň hem amala aşyrylypdy, prezident Haýdar Aliýewiň ýerine Ylham Aliyewe geçdi. Soňra Ylham Aliyew öz aýaly Mehriban Aliýewany birinji orunbasary wezipesine belledi.

Türkmenistanyň awtoritar lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň fewralynda "ýaşlara ýol bermek" niýeti bilen çykyş edeninden biraz wagt soň geçirilen irki prezident saýlawlarynyň ýeňijisiniň onuň ogly boljakdygy göz öňünde tutulýardy.

40 ýaşly Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň iň ýaş prezidenti boldy. Onuň häkimiýete gelmegi bilen ýurtda aýallara garşy kemsidilmäniň artmagyna hiç kim geň galmady.

Bu aralykda, Täjigistan eýýäm häkimiýetiň atasyndan ogluna geçirilmegini kanuny taýdan "kepillendirdi". Häzir prezident Emomali Rahmonyň ogly Rustam Emomali ýurtdaky häkimiýet basgançagynda ikinji adam, parlamentiň ýokary palatasynyň başlygy.

SAMMITLERDÄKI GAPMA-GARŞYLYKLAR

2022-nji ýyl Merkezi Aziýada halkara we sebitara guramalarynyň sammitler ýyly boldy.Astanada GDA ýolbaşçylarynyň duşuşygy gurnaldy we Russiýa Merkezi Aziýa çägindäki sammit geçirildi.Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi, soňra Türki döwletler Guramasynyň döwlet ýolbaşçylarynyň sammiti boldy. Çolpon-Atada Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň maslahat alyşmak duşuşygy geçirildi, Bişkekde bolsa Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň Ýokary ykdysady maslahatynyň sammiti gurnaldy.

Türkmenistanda VI Hazar sammiti geçirildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleriniň Çolpon-Atada geçirilen maslahat alyşmak duşuşygynda, Täjigistan we Türkmenistan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekmediler.

Bu duşuşyklarda guramalaryň agzalarynyň arasynda garşylyklaryň köpelýändigi bildirýär. Şu ýylyň fewral aýynda Russiýanyň Ukrainanyň çägine çozup girmegi netijesinde, oňa garşy halkara sanksiýalarynyň girizilmeginden bäri Moskwa bilen ýakyn gatnaşyklaryny saklaýan Merkezi Aziýa ýurtlary özlerini kyn ýagdaýa saldy.

Şu ýylda Merkezi Aziýa halkara gabawynda galan rus prezidenti Wladimir Putiniň sebitine öwrüldi hem ol şu ýylda bu ýere iň köp saparyny geçirdi.

2022-nji ýylda Russiýa garşy girizilen halkara sanksiýalary Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny energiýany çykarmagyň alternatiw ýollaryny gözlemäge iterip başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylda Merkezi Aziýada yzarlanmaly bäş hekaýa
'Demirýol derdi' bejerilmeýär, ilat Azatlyk arkaly sesini eşitdirmäge çalyşýar
Prezident howpsuzlygy maslahat etdi, iki howpsuzlyk resmisine käýinç berdi
Çawuşogly Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
DIM: Türkmenistan Özbegistandaky wakalar bilen bagly goldawyny bermäge taýýar
Türkmenistan Garagalpagystandaky wakalara alada bildirýär