Merkezi sag bileleşigi italýan saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Düzüminde “Italiýanyň doganlary”, “liga” we “Öňe Italiýa” partiýalary bolan merkezi sag koalisiýasy sesleriň 90%-den gowragy sanalandan soň Senata (parlamentiň ýokarky palatasy) geçirilen saýlawlarda 44,53% sese eýe boldy. Şeýle maglumatlar Saýlaw toparynyň wezipelerini ýerine ýetirýän Içeri işler ministrligi mälim etdi. Deputatlar palatasyna geçirilen saýlawlarda bolsa, merkezi sag bileleşigi 44,34% sese eýe boldy.

Şol bir wagtyň özünde ýeňiji koalisiýada öňdebaryjy güýç “Italiýanyň doganlary” partiýasy bolup, Senatda 26,39%, Wekiller palatasynda bolsa, 26,44% orna eýe boldy. Onuň lideri Jorja Meloni, hökümet başlygyna dalaşgär hökmünde hödürlener.

Soýuzdaş partiýalar bolan Matteo Salwininiň “Liga” we Silwio Berluskoniniň “Öňe Italiýa” partiýalary Jorja Meloniniň hökümetiniň düzülmegine gatnaşar. Bu partiýalar Senata geçirilen saýlawlarda degişlilikde, 9% we 8,23% ses alyp, Wekiller palatasynda hem takmynan, şonça sese eýe boldular.

Partiýalaryň netijeleri

Synçylar Matteo Salwininiň “Ligasynyň” 10%-den hem az gazanan netijelerini pes hasaplaýarlar. Demokratik partiýanyň ýolbaşçylygyndaky merkezi çep koalisiýasy Senatda 26,25%, Wekiller palatasynda 26,45% ýeňiş gazandy. Şol bir wagtyň özünde Demokratik partiýa 20% päsgelçiligi ýeňip geçip bilmedi. “5 ýyldyz hereketi” 15% gazandy.

“Hereket” we “Ýaşaýan Italiýa” partiýalarynyň gazanan sesi 8%-den geçmän, Silwio Berluskoniniň “Öňe Italiýa” partiýasyndan yza galdy. Berluskoniniň özi bir orunly etrapda ýeňiş gazanyp Senata girdi. Alternatiw partiýalar üç göterimden az gazanyp, “Italexit” we “Garaşsyz we Halk Italiýasy” parlamente girip bilmedi.

Üçden biri azaldylan geljekki parlamentiň jemleýji düzümi, çylşyrymly proporsional- mažoritar ulgamyna laýyklykda kesgitlener. Şeýlelik bilen, soňky hökümetiň daşary işler ministri Luiji Di Maýo parlamentiň täze çagyryşyna girmeýär.

Ýol kartasy

Parlamentiň täze çagyryşynyň ilkinji mejlisi 13-nji oktýabrda meýilleşdirilýär. Şonda iki palatanyň başlyklarynyň saýlanmagyna garaşylýar.Dolandyryş iýerarhiýasynda kimiň ikinji we üçünji orny eýelejekdigini belli bolansoň döwlet Baştutany bilen geňeşmeler başlar.

Maglumatlara görä, olar 17-18-nji oktýabr aralygynda belelnilip bilner.Häzirki aç-açan netijeler esasynda, hökümet gurmak prosesi çalt bolmagy mümkin.Synçylaryň bellemegine görä, täze häkimiýetler Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bellenilen möhletlere eýerip, derrew býujetini tassyklamaly bolarlar. Şeýlelikde, Mario Draginiň öňki hökümetiniň taslamasy esas hökmünde kabul edilip bilner.

Häzirki saýlawlar, Draginiň kabinetini goldaýan giň koalisiýanyň bölünmegi sebäpli ýüze çykan hökümet çökgünliginden soň möhletinden öň geçirildi.

Saýlawlar ilkibaşda 2023-nji ýylyň ýazynda meýilleşdirilipdi. Ýöne iýul aýynda Premýer-ministr Mario Draginiň işinden çekilmegi hem-de çep, sag we merkezi partiýalary öz içine alýan koalisiýa hökümeti dargandan soň ýurtda nobatdan daşary umumy saýlawlary geçirmek meýilleşdirildi.

Ýene degişli makalalar

Dolandyryjy Halk partiýasy ýeňiş gazandy
Hun Manet täze Premýer-ministr hökmünde tassyklandy
7-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Kurtulmuş Sanžrani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkmenistanda Russiýanyň kinosynyň we animasiýasynyň hepdeligi geçiriler, Türkmenistan HHR-e tebigy gazyň eksportyny artdyrdy, türkmen telekeçileri Türkiýedäki halkara sergä gatnaşarlar we beýleki habarlar
Özbegistanda nobatdan daşary Prezident saýlawlary geçiriler
Ermeni Meselesi