Meseleleri boýun almazlyk demirýol hyzmatynyň 'wagonlary bilen agsamagyna' getirýär

Meseleleri boýun almazlyk demirýol hyzmatynyň 'wagonlary bilen agsamagyna' getirýär

Türkmenistanlylylaryň demirýol hyzmatyndan bildirýän nägilelikleri bir ýa iki däl we, Azatlyk Arkadag şäherine gatnajak elektrik otlusy baradaky habardan soň gürelen maglumat akymyna syn etmegini dowam etdirýär. Beýleki meselelerde bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki metbugat, garaşsyz metbugatda çykýan habarlara garamazdan, ýurduň demirýol hyzmatlaryndaky kynçylyklary görmeýär ýa-da görmezlige salýar.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň öz web sahypasynda tassyklamagyna görä, ýurtda “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär”.

Türkmenistanyň demirýol ulgamyndaky çeşmelerimiziň berýän maglumatlaryna görä, ýurduň demirýol hyzmatlary diňe iki aýagy bilen däl, Hytaýdan satyn alynýan wagonlary, çaý-suw, ýorgan-düşek hyzmatlary bilen hem agsaýar’.

“Soňky ýyllarda Hytaýdan satyn alynýan wagonlaryň hili juda pes.Olar köplenç ýagdaýda özenli timarlaýyşdan (kapital remontdan) çykan we başga ýurda satylan köne wagonlar bolup, Türkmenistanda gaýtadan ulanmaga berlende tiz hatardan çykyp başlaýar.

Wagonlaryň suw gaýnadýan, sowadyş we ýyladyş ulgamlary yzly-yzyna bozulýar.Olardaky hajathanalar köne, "göni gaçyş" görnüşinde bolup, ähli stansiýalarda ýapyk galýar we bu ýagdaý gyssanan ýolagçylar, ýaşuly adamlar we çagalar üçin uly kynçylyklary döredýär” diýip, ýagdaýy gowy bilýän çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu hili meseleler özüni sylaýan ýurtlarda bir wagt we ýokary derejede çözüldi, emma türkmen hökümeti heniz ony mesele hökmünde ykrar etmek, boýun almak derejesine hem çykyp bilmeýär.

Mundan başga, Azatlygyň habarçylarynyň ozal hem habar berşi ýaly, wagonlarda işleýän ýolbeletleriň we otly ýolbaşçylarynyň işleri köp adamy, hususan-da başga ýurtlardaky hyzmatlaryň derejesinden habarly ýolagçylary düýpden kanagatlandyrmaýar. Türkmen otlularynda ýolagçy bolan synçylaryň biriniň pikirine görä, ýolbeletlere we beýleki işgärlere ýeterlik tälim-terbiýe berilýäne meňzemeýär.

Biri-birinden aýratynlykda gürleşilen ýolagçylaryň we demirýolçy çeşmämiziň tassyklamagyna görä, wagonyň içiniň, ýorgan-düşekleriň, hajathanalaryň tämizligi pes, wagonlaryň aýnalary köplenç hapa, çyr-çyrşak, wagtynda ne içinden, ne-de daşyndan ýuwulýana meňzeýär.

Türkmenistanda çilimkeşlige we beýleki ýaramaz gylyklara garşy yglan edilen resmi göreşe garamazdan, “ýolbeletleriň arasynda tamburlarda, wagonlaryň aralarynda aç-açan çilim çekýänleri hem bar, eger ýolagçy köpçülik ýerinde çilim çekmezlik barada bellik etse, onuň ýüzüni alýarlar” diýip, golaýda otla münüp, esger oglunyň yzyndan giden bir söhbetdeşimiz aýtdy.

Aýdylmagyna görä, ýolbeletler we otly ýolbaşçylary, şol sanda ulag polisiýasynyň wekilleri “ýolagçylar bilen gödek gürleşýärler, olar özlerini çydamsyz, hormat-sylagsyz, iş etikasyna laýyk gelmeýän halda alyp barýarlar, bu ýagdaý ýolagçylarda uly nägilelik döredýär”.

Azatlygyň habarçylary ýurduň sowet ýyllaryndan bäri dowam edýän bilet ýa-da petek meselesi barada yzygiderli habar berýärler. Bu mesele özüni sylaýan ýurtlarda bireýýäm we ýokary hilde çözüldi. Emma türkmen hökümetiniň sanly dolandyryş barada edýän gürrüňlerine garamazdan, otlulara bilet tapmak, bilet almak meselesi türkmenistanlylaryň iň agyryly meseleleriniň biri bolmagynda galýar.

“Häzir ýolagçylar üçin iň bir derwaýys mesele bilet gytçylygy bolup durýar.Bu mesele bir tarapdan bilet meselesinde dowam edýän korrupsiýa bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan reýsleriň gaty seýrek bolmagy, ençeme ugur boýunça hiç hili otly gatnawynyň bolmazlygy, uzak ýyllardan bäri saklanyp galýan geleňsizlik bilen bagly.

Bir orna birnäçe biletiň satylmagy, onlaýn biletlerini özbaşdak ýagdaýda tasdan satyn alyp bolmazlygy...adaty ýagdaý” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, islegiň, talabyň uly bolmagy, häkimiýetleriň emele gelen ýagdaýa bilkastdan göz ýummagy para-peşgeşe, araçylaryň hyzmatyna giň ýol açýar.

Bir-birinden habarsyz gürleşilen ýolagçylaryň biragyzdan diýen ýaly tassyklamagyna görä, Aşgabatdan beýleki stansiýalarda parasyz, tanyş-bilişsiz we araçysyz bilet almak tasdan mümkin däl; etraplarda we şäherçelerde umuman bilet almak gaty kyn ýa-da mümkin däl.

Demirýol edarasynyň ýolagçylar bilen arasyndaky gatnaşyk ýa hyzmatdaşlyk meselesi, kynçylyklary öwrenmek we çözgüt tapmak, türkmen demir ýollarynda ýolagçy gatnatmagyň kök uran ulgamlaýyn nogsanlyklary barada metbugatda ýa-da resmiler bilen açyk gürleşmek mümkinçiligi häzirlikçe ýok, görünmeýär diýip, ýerli hünärmen aýtdy

Azatlygyň demirýolçy çeşmesini tassyklamagyna görä, tehniki tarapdan, wagonlaryň ýetmezçiligi, doly döwlet maliýeleşdirmesinde bolan kompaniýa üçin uly ýa-da çözülmejek mesele däl.

"Ýöne muňa hökümetiň syýasy erki gerek.Ynha, goňşy Özbegistanda eýýäm elektrikleşen demir ýollar Türkmenistanyň serhedine gelip ýetdi, ýogsa mundan 20 ýyl ozal bu barada pikir hem edip bolmazdy.

Bu meseläni çözmek üçin ozaly şeýle "problemanyň bardygyny" boýun almaly.Haýp, hiç bir meseläni, kynçylygy boýun almazlyk "Bagtyýarlyk döwründe ýaşaýarys" diýýän türkmen hökümetiniň dowamly, dermansyz keseline öwrüldi" diýip, demirýolçy sözhbetdeşimiz aýtdy.

Emma muňa garamazdan, “Türkmendemirýollary” agentligi soňky ýyllarda Beýik ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça ädilýän ädimleriň diňe bir milli ykdysadyýetiň ösüşine däl, eýsem, sebit we hatda bütindünýä ösüşine hem kuwwatly itergi berendigini öňe sürýär.

Hormatly diňleýjiler we okyjylar, Türkmnistandaky demirýol hyzmatlaryna bagyşlanan synyň dowamyny hepde ahyrynda diňläp bilersiňiz we, eger bu meselede öz pikir-garaýyşlaryňyzy, tejribeleriňizi paýlaşsaňyz, sizden minnetdar bolarys.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar