Messi we ýoldaşlarynyň ýeňiş gazanmakdan başga alajy ýok 7-nji günüň duşuşyklary

Katar 2022 Dünýä Kubogynda 7-nji gününde-de 4 duşuşyk oýnalar. “C” we “D” toparcalardaky 2-nji duşuşyklarda Argentina Meksika bilen duşuşsa, Fransiýa bilen Daniýanyň oýny esasy duşuşyklar hasaplanýar.

Günüň 1-nji duşuşygynda Tunis bilen Awstraliýa duşuşar we bu oýun 15:00-da başlap, oňa germaniýaly Daniel Sibert eminlik eder. Iki topar mundan öň 2 gezek duşuşyk hersi 1 gezek ýeňiş gazandy.

Günüň 2-nji oýny 18:00-da başlap, “Education City” stadionynda oýnaljak duşuşykda Polşa bilen Saud Arabystany duşuşar. Bu duşuşyk olaryň arasyndaky 4-nji oýun bolup, öňki 3 duşuşykda polýaklar ýeňiş gazanypdy. Duşuşyga braziliýaly Wilton Sampaio eminlik eder. Bu onuň şu çempionatdaky 2-nji duşuşygy bolar.

Günüň 3-nji duşuşygy Ýewropanyň 2 güýçli wekili çempion Fransiýa bilen Daniýanyň arasyndaky duşuşyk bolup, ol 21:00-da başlar.Oýunda polşaly Simon Marçiniak jürlewük çalar.

Iki topar mundan öň 18 gezek duşuşyp, şolarda hersi 8 gezek ýeňiş gazandy.Toparlar 3 gezek Dünýä Kubogynda gabatlaşyp, 1998-nji ýylda Fransiýa 2-1, 2002-nji ýylda Daniýa 2-0 ýeňipdi.

Russiýa 2018-däki duşuşykda bolsa hasap açylmandy.

Günüň jemleýji duşuşygy ozalam telim gezek duşuşan Argentina bilen Meksikanyň arasynda bolar. “Lusial Iconic” stadionynda 00:00-da başlajak oýna italiýaly Daniele Orsato eminlik eder. 1-nji oýunda utulan Messi we ýoldaşlaryna bu duşuşykda ýeňiş howa deýin zerur bolup durýar.

Iki topar mundan öň 31 gezek duşuşdylar. Şol 31 oýunda Argentina 15 gezek, Meksika 4 gezek ýeňiş gazandy. 12 oýun deňlikde gutardy.Toparlar Dünýä Kubogynda-da 4-nji gezek duşuşarlar. Öňki 3 oýunda-da Argentina ýeňiş gazanmagy başardy (1930, 6-3; 2006, 2-1; 2010, 3-1).

Ýene degişli makalalar

Ilkinji finalçy: Messimi Modriç ýa-da Argentinamy Horwatiýa?!
Argentina Ýarym Finala Gatnaşmaga Hukuk Gazandy
Aziýa kubogynyň açylyş duşuşygynda Katar Liwany uly hasap bilen ýeňdi
Super ýyldyzlar Ronaldo, Neýmar meýdança çykýar: 5-nji günüň duşuşyklary
Katar 2022-niň ilkinji iň uly sýurprizi
Messi, Mbappe meýdança çykýar Katar 2022-de 3-nji günüň duşuşyklary