Mewlet Çawuşogly Wengriýaly kärdeşi Peter Siýýarto bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Mewlet Çawuşogly Wengriýaly kärdeşi Peter Siýýarto bilen metbugat ýygnagyny  geçirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Ankara şäherinde Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Siýýarto bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi.

Türkiyäniň terror bilen baglanşykly aladalarynyň NATO agza bolmak üçin dalaşgär bolan Şwesiýa we Finlýandiýa tarapyndan ortadan aýyrlmagynyň gerekdigini ýatladan Mewlüt Çawuşogly: "28-nji iýunda Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde Finlýandiýa we Şwesiýa bilen bilelikde Üçtaraplaýyn memoranduma gol çekişdik. Şol günden bäri esasan hem Üçtaraplaýyn memorandumyň durmuşa geçirilmegi babatynda gynansagam Şwesiýa tarapyndan kanagatlandyryjy ädimler edilmedi" diýip habar berdi.

Konstitutsiýada we käbir kanunlarda terrora garşy göreş kanunlarynda üýtgeşmeler we goşmaçalar girizen Şwesiýada terror bilen bagly hereketleriň dowam edýändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "NATO agzalygy babatynda beren wadalary bar. Biz şol ädimleri görmeden Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklamagymyz mümkin däl" diýip mälim etdi.

Finlýandiýanyň NATO agzalygyny Şwesiýa garanyňda has oňyn garaýandyklaryny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Meseleli bolan bilen, has az meseleli bolanyň arasynda tapawut goýarys. Şol iki ýurt bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda ondan daşary başga bir meselämiz hem ýok.

Emma ol tankydy bir meseledir.Aslyna garanyňda NATO üçin bir meseledir. Şwesiýa esasan hem şol jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeden biziň NATO agzalygyny tassyklamagymyz mümkin däl" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi