Meýdandaky we işikdäki mallar aç. TDH mallaryň 'dok gyşladylýandygyny' aýdýar

Meýdandaky we işikdäki mallar aç. TDH mallaryň 'dok gyşladylýandygyny' aýdýar

Gurak gelen ýaz, tomus aýlaryndan soň gelen sowuk, garly gyş türkmen maldarlaryny agyr ýagdaýa saldy. Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen maldarlar ýurduň günbatar we demirgazyk sebitlerinde maldarçylyk bilen güzeran aýlaýan adamlaryň kyn günleri başdan geçirýändigini aýdýarlar. Agyr gelen gyş diňe meýdandaky mallaryň däl, işikde saklanylýan mallaryň hem ot-iýminiň gymmatlamagyna getirýär. Döwlet eýeçiligindäki metbugat bu maglumaty umumylykda ret edýär.

Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, agyr işsizlik hojalyklary esasan mallaryna daýanmaga mejbur etdi.

Emma döwletiň ot-iým önümçiligine döreden emeli päsgleçilikleri, giň ýaýran korrupsiýa adamlaryň maldan alýan girdejisine palta salýar’ diýip, synçylar aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri, adatça bolşy ýaly, çopanlaryň we hünärmenleriň, malyny ýitiren adamlaryň Azatlyga anonimlik şertinde beren maglumatlaryny gytaklaýyn ýagdaýda ret edýär.

“Türkmenistan. Altyn asyr” saýty 4-nji fewralda, Azatlygyň maldarlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada beren habarlarynyň yz ýanyndan çap eden habarynda Gyzylarbat etrabynyň “Gyzylarbat” maldarçylyk hojalygynda ätiýaçlyk ot-iým gorunyň ýeterlikdigini aýtdy.

Döwlet eýeçiligindäki neşiriň tassyklamagyna görä, geçen tomus we güýz bu hojalykda ýorunjanyň, samanyň hem-de iri baldakly, dürli görnüşli otlaryň 2 müň 500 tonnasy taýýarlanypdyr.

Emma ýerli maldarlar Bereket we Gyzylarbat etraplaryndaky ot-iým gytçylygynyň künjaranyň döwlet bahasyndan 10 esse, bugdaý kepeginiň 20 esse gymmatlamagyna alyp gelendigini aýdýarlar.

Şeýle-de, döwlet eýeçiliginde taýýarlanylýan ot-iýmiň uly korrupsiýa ýol açýandygy, künjaranyň hususyýetçilere, şol sanda Eýrana we Gazagystana bikanun satylýandygy barada garaşsyz ýagdaýda hemme tarapdan barlap bolmaýan maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmenistanda döwletiň öz eýeçiligindäki harytlaryň bahasyny bazar bahasyndan hemişe kän esse arzan saklamagy, tejribeden görnüşine görä, wezipeli adamlaryň bikanun pul gazanmagyna giň ýol açýar diýip, hünärmenler aýdýar.

“Häzirki oba hojalyk emeldarlarynyň edýän hereketleri döwlet eýeçiligindäki mallary düýbünden ýok etmäge gönükdirilene meňzeýär. Sebäbi mallaryň baş sanynyň azalmagy et importynyň köpelmegine we bu importdan peýda görýän adamlaryň has kän pul gazanmagyna ýol açýar” diýip, hünärmen aýtdy.

Onuň hasaplamalaryna görä, garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda ýurtdaky iri we ownuk şahly mallaryň baş sany häzirki wagtdakysyndan telim esse köpdi. Mallaryň aç-hor bolmagy, gyrylmagy türkmenleriň barha kän et importyna, doňdurylan towuga we beýleki mallaryň etlerine mätäçligini artdyrýar, eger bu ýagdaý üýtgedilmese, Türkmenistanda azyk we et üpjünçiligi gelýän ýyllarda gaty uly problema öwrülip biler diýip, öňki oba hojalyk resmisi aýtdy.

Diňe Balkan sebitindäki maldarlar däl, Lebapdaky maldarlar hem ýagdaýyň ýeňil däldigini aýdýarlar.

Halaç, Saýat etraplarynda çopanlar meýdanda bakylýan maýda malyň hordugyny aýdýarlar. Ýöne häzirlikçe bu etraplardaky goýunlar barada ýeterlik maglumat alyp bilmedik.

Türkmenabat şäheriniň töweregindäki kiçi etrapçalarda, howluly jaýlarda we Çärjew etrabynda iri şahly mal saklaýan adamlar her ýyl mallaryny gyşdan pagta çigidinden alynýan iýmler bilen çykarýarlar. Ýurtdaky agyr işsizlik, işleýän adamlaryň alýan aýlygynyň ýa daýhançylykdan alynýan girdejiniň juda az bolmagy netijesinde, köp hojalyk diňe işikde saklaýan mallaryna bil baglamaly bolýar diýip, ýaşaýjylar gürrüň berýär.

Mysal üçin, käbir hojalyklarda 4-5, kähalatda ondan hem köp iri şahly mal bar. Ýöne 3-4 sygyr saklaýan hojalyk has kän.

“Işsizlik sygyr saklaýan, göle bakýan adamlary köpeltdi. Sagylýan birki sany sygryň bolsa, ozaly özüňi süýt-gatyk bilen üpjün edýärsiň, galanyny satyp bolýar” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Ýerli hünärmenleriň biri sygyr saklamagyň Türkmenistanda häzir 1941-45-nji ýyllardaky ýaly möhüm bolandygyny belledi.

Ýöne, ot-iýmiň gyt we gymmat bolmagy öküz bakmagyň ähmiýetini azaltdy diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar.

“Öküz bakmakda hiç hili peýda galmady. Sygyr saklasaň, süýt berýär, biraz peýda bolýar. Emma öküz saklasaň, gury köseneniň bolýar” diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy. Ol munuň sebäbini ot-iým gytçylygy bilen düşündirdi.

“Bakan malyňy öldürip sataňda alýan girdejiň satyn alan ot-iýmiň bahasyny ýapsa, zor boldugy. Meýdandan, ýap boýlarynda gamyş ýa suwoty ýygyp, hatda ýorunja berip hem mal semredip bolmaýar. Maly diňe ýokumly iým satyn alyp bakmaly” diýip, ozal mal bakyp eklenen ýaşaýjy indi, iým bahasy sebäpli, bu mümkinçiligiň hem ýitirilendigini öňe sürdi.

Ýöne, muňa garamazdan, peýda bolmasa-da, başga iş tapman, uzakly gününi mala seredip geçirýän adamlar hem az däl.

“Aý, dagy näme edeli? Obalarda iş ýok, uzakly gün öýden çykman otursaň, bu hem dogry gelmeýär. Mallara seretmek hem bir güýmenje, hem ata-baba gelýän däbimiz” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi bu işi başga çykalga tapman, alaçsyzlykdan edýändigini gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, köp ýyl bäri mal saklap gelýän adamlar mal saklamasa, maşgalasynda bir zat ýetmeýän ýaly bolýar.

“Mal saklamak adamy spakoit edýär. Mallaryňy suwa ýakanyňda, ýa-da onuň semräp başlanyny göreniňde, birhili, begenýärsiň, göwnüň galkynýar” diýip, oba ýaşaýjysy ýagdaýyny düşündirdi.

Ýerli hünärmenler, maldarlar döwletiň hususy maldarlara, işiginde mal saklaýan adamlara hiç bir kömek etmeýändigini, mal otuny, iýmini taýýarlap biljek dogumly adamlaryň, döwlet korrupsiýasy we çäklendirmeleri sebäpli, el-aýagynyň daňylgydygyny aýdýarlar.

“Bu gidişde, aňry gitse 2025-nji ýylda adamlaryň hojalykda iri şahly mal saklamak islegi düýpden galmaz. Şondan soň goly ýuka adamlar diňe daşary ýurtlardan getirilen doň etleri iýmeli bolar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Türkmenistan garaşsyz žurnalistler üçin ýapyk ýurt bolansoň, maldarçylykda dörän ýagdaýy ýerinde barlap, resmilerden düşündiriş almak mümkinçiligi häzirlikçe görünmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Sebitlerde oba ýerlerini gazlaşdyrmak maksatnamasy durmuşa geçirilýär