MHG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy migrantlary hasaba alýan elektron gollanmalary teklip edýär

MHG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy migrantlary hasaba alýan elektron gollanmalary teklip edýär

Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk gulluklarynyň işgärleri üçin onlaýn-maslahat gurady. Bu maslahat СOVID-19 pandemiýasynyň Merkezi Aziýadaky we Russiýa Federasiýasyndaky migrantlara, jemagat toparlaryna ýetiren ykdysady täsirini gowşatmak atly sebit taslamasynyň çäginde geçirilip, ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça Şweýsariýa agentligi tarapyndan maliýeleşdirilýän tapgyry jemleýär.

Internetüsti guralan bu duşuşygyň gidişinde Wekilhananyň ýolbaşçysy Azat Atajanow migrasiýany dolandyrmagy gowulandyrmak, migrantlaryň ýol aşmagyna kömek etmek, şeýle hem üstünden geçjek we barjak ýurtlaryndaky ýagdaý barada olara iň soňky maglumatlary bermäge niýetlenen MiRA we MigApp elektron programmalar bilen tanyşdyrdy. Şeýlelikde, ygtybarly gural bolmak bilen, MigApp dünýäniň 180-den gowrak ýurdunda 8 dilde migrantlara goldaw berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Eýran ABŞ-nyň Güýçlerine Guralan Hüjüm Bilen Arabaglanşygynyň Ýokdugyny Beýan Etdi
Türkmenistanda BMG-niň Taslama Hyzmatlary Boýunça Dabaraly Çäre Geçirildi
В ТУРКМЕНИСТАНЕ ПРИСТУПИЛО К РАБОТЕ ПРЕДСТАВИТЕЛЬСТВО УПРАВЛЕНИЯ ООН ПО ОБСЛУЖИВАНИЮ ПРОЕКТОВ (UNOPS)
“Türkmenistan howaýollarynyň” halkara uçuşlary täzeden ýola goýulmady
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ METBUGAT BRIFINGI BARADAKY PRESS-RELIZ