MHG Siriýanyň Kamyşly etrabynda möhüm operasiýa geçirdi

MHG Siriýanyň Kamyşly etrabynda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Siriýanyň Kamyşly etrabynda agdarylan lider Başar Asatdan ele salan raketa, agyr ýarag we ok-däri bolan 2 ammary, 12 ýük ulagyny we 2 tanky ýok etdi.

Milli Howpsuzlyk gullugy ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Asada bagly güýçlerden alan raketa, agyr ýarag we ok-därileri öz ammarlaryna geçirmäge başlandygyny anyklady.

Guramanyň agzalarynyň düýn gije ýaraglary we ok-därileri ýük ulaglara ýükländigini we ulag kerweni görnüşinde sebitden uzaklaşmaga başlandygyny anyklan Milli howpsuzlyk gullugy, operasiýa geçirmek barada karar kabul etdi.

Operasiýanyň netijesinde raketa, agyr ýarag we ok-däri bolan 2 ammar, 12 ýük ulagy we 2 tank ýok edildi.

Howpsuzlyk çeşmeleri ekstremist terror guramasynyň Türkiye serhediniň golaýynda jemlenmegine we Türkiyä garşy howp emele getirmäge synanyşmagyna asla rugsat bermejekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Hakan Fidan Halapdaky möwjeýän çaknyşyk şertlerinde ÝPG-niň bitewi Siriýany goldamaga çagyrdy
Terrora Uly Zarba Urulýar
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
“PKK/ÝPG-ny Ýakynda Sebitden Kowup Çykararys”
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär