
Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy ekstremist terror guramasy PKK/KJK-nyň düzümine Ýewropadan goşulan "Berkswedan Çiýager" adyny ulanan terrorçy Mazlum Öztürki Yragyň Süleýmaniýe şäheriniň golaýynda geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan yzarlanan PKK/KJK-a agza Mazlum Öztürkiň 2022-nji ýylyň awgust aýynda Türkiyeden Ýewropa geçendigi, Demokratik Kürdistanlylar jemgyýet kongresiniň çagyryşyna laýyklykda köp sanly aksiýa gatnaşandygy anyklandy.
Terrorçy Mazlum Öztürkiň mundan başgada Fransiýadan guramanyň ýaragly düzümine goşulyp, ýaragly aksiýalar geçirmäge başlandygy we howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjüm guramak üçin tälim alandygy mälim boldy.
Yragyň Süleýmaniýe şäheriniň golaýyndadygy anyklanan terrorçy Mazlum Öztürk, Milli Howpsuzlyk gullugynyň geçiren operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.