MHG Yrakda we Siriýada möhüm operasiýalar geçirdi

MHG Yrakda we Siriýada möhüm operasiýalar geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy Türk howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjüm guralmagyna guramaçylyk eden ekstremist terror guramasy PKK-a agza Osman Mutlu bilen propoganda işlerinden jogapkär ýolbaşçysy Songül Tarynjyny Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy Yragyň Duhok-Gara sebitinde geçiren operasiýasy bilen, terror guramanyň propogandasy bilen bagly materiallaryň taýarlanylmagyndan we paýlanylmagyndan jogapkär agzasy Roza Kod adyny göterýän Songül Tarynjyny 2 goragçysy bilen bilelikde täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Siriýanyň Amude sebitinde bolsa PKK/ÝPG-e agza Dilxwaz Agir adyny ulanýan Osman Mutlu, Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Osman Mutlu Mardin serhet liniýasynda howpsuzlyk güýçlerine garşy minomýotlar bilen guralan hüjümlerine guramaçylyk edendigi, bomba, ýarag paýlanşygy işlerini dolandyrandygy üçin Milli Howpsuzlyk gullugynyň nyşana sanawyna alynypdy.

Siriýada guramanyň hataryna syzan işgärler tarapyndan gözegçilik astyna alynan Osman Mutlu, alynan habara laýyklykda ýeriniň anyklanmagy netijesinde Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Amudeniň günortasynda geçirilen operasiýada ýanyndaky goragçylary bilen bilelikde partlaýjy maddalar bolan ulagyň içinde täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ýene degişli makalalar

MHG Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny