Häkimiýetler Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde VPN ussalaryna garşy basyşlaryny güýçlendirýärler. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri VPN-leri gurnamak boýunça hyzmatlary hödürleýän bir elektronika ussasynyň ýaňy-ýakynda on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilendigini habar berýärler.
Şäherde güýç edaralarynyň elektronika ussalaryna garşy alyp barýan basyp ýatyrmalary 9-njy maý Ýeňiş baýramynyň yz ýany ýaýbaňlandy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, telefon ussalaryna garşy alnyp barylýan basyş kampaniýalarynyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň kiberhowpsuzlyk bölümleriniň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilýändigini habar berýär.
“Biz adamlar Internetden bökdençsiz peýdalanar ýaly, Tor’ brauzeriniň köprülerini, Onion’ anonimaýzerlerini, Telegram üçin ýörite proksi kodlaryny we beýleki VPN konfigurasiýalaryny elýeterli bahadan ulanyjylara hödürleýäris. Şäherde 9-njy maýdan soň, Internet aragatnaşygy durnuksyzlaşyp başlady.
Biziň telefonlara gurnap beren programmalarymyzyň işlemeýändigi barada şikaýatlar gelip başlady. 10-njy maýda bolsa, meniň kärdeşim on bäş gije-gündiz möhlet bilen administratiw tussaglyga höküm edildi” diýip, türkmenabatly bir telefon ussasy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi telefonlarda VPN ulanylmagyny ýa-da olaryň gurnalyp berilmegini temmi çäresini talap edýän hereket hökmünde anyk kesgitlemeýär.
Türkmen kanunçylygy wirtual şahsy torlary (VPN-leri) gönümel gadagan etmeýär, ýöne Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri MHM ofiserleriniň “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 30-njy maddasynyň 6-njy bendine salgylanýandyklaryny aýdýarlar.
Kanunçylyga laýyklykda, Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorynyň daşyndan aýlanyp Internet torunyň kanallary boýunça maglumatyň üçünji şahslardan kabul edilmegi ýa-da berilmegi jogapkärçilige eltip bilýär. Ýöne bu madda wirtual şahsy torlary anyk agzamaýar.
Türkmenistanda Internet ulgamyndaky ençeme maglumat çeşmeleri berk petik astynda galýar we ulanyjylar köplenç ýurtda gadagan edilen web sahypalara ýa-da sosial torlara girmek üçin wirtual şahsy torlardan peýdalanmaly bolýarlar. Bu ulgamlar ulanyjynyň şahsyýetini gizleýär we olaryň petiklenen maglumat çeşmelerinden howpsuz peýdalanmaklaryna ýardam berýär.
Halkara ylmy barlaglar ýurtda azyndan 122 müň domen salgysynyň häkimiýetler tarapyndan petik astynda saklanylýandygyny anyklady. Erkin maglumat çeşmeleri, garaşsyz habar saýtlary, galyberse-de, Facebook, Instagram we YouTube ýaly sosial torlar ýurduň çäginde gadaganlyga alnan onlarça müň Internet salgysynyň diňe käbirleri bolup durýar.
Ýöne muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky wagtlarda ýurduň çäginde sosial media işjeňliginiň ýokarlanýandygyny habar berip gelýärler.
Häkimiýetleriň Internete garşy alyp barýan köpýyllyk göreşiniň Türkmenabat şäherinde gaýtadan güýçlenmegi, Türkmenistanda sosial media ulanyjylarynyň, şeýle-de talyp ýaşlaryň we ýaş hünärmenleriň arasynda ýurtda we halkara arenasynda bolup geçýän wakalar boýunça ýarym açyk, tas aç-açan görnüşdäki pikir alyşmalaryň “pyntyklaýan” pursatlaryna gabat gelýär.
Türkmenistanda islendik habaryň ýa-da wakanyň diňe resmi wersiýasynyň ýa-da häkimiýetler tarapyndan tassyklanan görnüşiniň ýaýradylmagyna ýa-da ara alnyp maslahatlaşylmagyna rugsat berilýär. Wakalaryň resmi wersiýasynda bolsa tas diňe diýen ýaly, “durmuş neneň owadan, diýar neneň nurana” ýaly setirleriň dabaralandyrylmagyna ýol berilýär.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň media azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro 2023-nji ýylyň tomsunda Aşgabada amala aşyran saparynyň yz ýany, Türkmenistanyň hökümetini söz-beýan azatlygy boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny berjaý etmäge çagyryş etdi we onlaýn maglumat ekosistemasyna degişli elýeterliligiň üpjün edilmegine ünsi çekdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan türkmenabatly telefon ussasy Milli howpsuzlyk ministrliginiň güýçlendirýän soňky basyp ýatyrmalaryny raýatlaryň oppozisiýa web sahypalaryna girmekleriniň öňüne geçilmegi, olaryň erkin maglumat serişdelerinden peýdalanmaklarynyň öňüniň baglanylmagy bilen bagly synanyşyklar hökmünde düşündirýär.
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi raýatlaryň ynam-ygtykatyna erkin eýermäge we olary erkin beýan etmäge bolan hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly hem administratiw temmi çärelerini özünde jemleýär. Ýöne ýurtda kanunlar we kodeksler hökümet tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ýerine ýetiriji häkimiýet bolsa adalatsyzlykda, öz raýatlaryna wehim hökmünde garamakda we “ejize ganymlykda” tankyt edilýär.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri basyp ýatyrmalarda tussag edilýän telefon ussalarynyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat bölüminiň ýerzeminde ýerleşýän deslapky tussaghanalara eltilýändigini habar berýärler.
Çeşmeler polisiýa izolýatorynda saklanýan raýatlaryň gynamalara we kemsitmelere sezewar edilýändigini aýdýarlar.
“Men wagtlaýyn tussaghanada bir hüjräniň’ deňinden geçip barýarkam, paýyş sözler aýdylyp, bir ýaş ýigidiň ýenjilýändigini eşitdim” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.
Bu aralykda, telefon ussalary Milli howpsuzlyk ministrligi bilen hyzmatdaşlyk edýän elektronika ussalarynyň aýratyn hukuklardan peýdalanýandyklaryny, olaryň VPN gurnamak işlerine päsgelçiligiň döredilmeýändigini, gaýtam, olara goldaw berilýändigini aýdýarlar.
Türkmenistan, halkara barlaglara görä, 2023-nji ýylda Internetden Google gözleg motory arkaly VPN gözlemekde dünýäde birinji orny eýeledi.
Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäherinde wirtual şahsy torlar bilen bagly badalga berlen täze basyp ýatyrmalar boýunça Lebap welaýatynyň polisiýa departamentinden teswir alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.