Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergiler we beýleki medeni çäreler

Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergiler we beýleki medeni çäreler

Türkmenistan 21 22-nji martda bellenilip geçiljek Milli bahar baýramyna Halkara Nowruz gününe bagyşlanan giň gerimli medeni çäreleri geçirmäge taýýarlyk görýär.Esasy baýramçylyk dabaralary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda bolar.

Baýramçylyk öňündäki hepdede ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky Türkmeniň ak öýi binalarynyň öňünde mowzuklaýyn sergiler we baýramçylyk konsertleri guralar. 16-njy martda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Milli bahar baýramyna bagyşlanan Gelse Nowruz äleme atly serginiň dabaraly açylyşy bolar.

Sergide Nowruz baýramynyň köpasyrlyk däp-dessurlary, şol sanda durmuşyň güýjüniň we bahar paslynyň täzelenişiniň nyşany bolan, bugdaýyň dänesinden taýýarlanýan semeni tagamy barada giňişleýin maglumat berler.Paýtagtymyzyň işewürlik durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri hem 17 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek sergi bolar.

Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanar.Sergi meýdançasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde gazanylan esasy üstünlikler hem-de ýurdumyzyň hususy pudagynyň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik ulgamyndaky gazananlary görkeziler.

Aşgabadyň teatrlary hem tomaşaçylar üçin baýramçylyk maksatnamasyny taýýarladylar: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 14.03.2026: Syrly sandyk 19:00; 15.03.2026: Gelinler 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry: 13.03.2026: Dünýäniň görki zenanlar 19:00; 14.03.2026: Dünýäniň görki zenanlar 19:00.Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry: 14.02.2026: Gumly gelin 19:00; 15.03.2026: Oýun bir maza iki 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry: 14.03.2026: Supertowşan 12:00; 14.03.2026: Juwan kalbym joşanda 19:00; 15.03.2026: Çeburaşkany ogurlama 11:00; 13:00; 15.03.2026: Hindi söýgüsi 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry: 14.03.2026: Baky rowaýatlar 17:00; 14.03.2026: Aşyklar 19:00; 15.03.2026: Bir towşanjyk bar eken 12:00; 17:00; 15.03.2026: Gülki agşamy 19:00.

Ýene degişli makalalar

22-24-nji noýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI
23.08.2017 | Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi