Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezindäki gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezindäki gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde bina edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Desganyň töweregi abadanlaşdyrylypdyr, bagy-bossanlyklar döredilipdir. Hormatly Arkadagymyz merkeziň çagalara niýetlenendigini nazara alyp, onuň esasy girelgesiniň ýüzünde degişli nyşanynyň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Soňra Arkadagymyz şol ýerden uzakda bolmadyk ýerde bina edilen çagalar bagyna tarap ýöräp gitdi. Ýol ugruna Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerlerde bagy-bossanlyklaryň döredilişini, işleriň alnyp barlyşyny synlady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz aýratyn gurnalan ýerde gözden geçirmek üçin taýýarlanan şekil taslamalary hem-de çyzgylary synlady. Şolaryň arasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şaýollara, köçelere at dakmak we täze binalary atlandyrmak boýunça ozal maslahatlaşan wezipeleriniň ýerine ýetirilişine degişli şekil taslamalary hem bar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Arkadagymyz täze merkeziň şaýollaryna we köçelerine milli medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda, taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagyny teklip edip, munuň olaryň bitiren hyzmatlaryna minnetdarlygyň nyşanyna öwrüljekdigini we beýik şahsyýetleriň atlarynyň ebedileşdiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, B.Kerbabaýewiň, K.Gurbannepesowyň, G.Ezizowyň, A.Garlyýewiň, S.Ataýewanyň, M.Kulyýewanyň, M.Garryýewiň we beýlekileriň ýatlanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Zehin joşguny
Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'
Ahalyň täze merkeziniň köçeleri milli şahsyýetleriň adyna eýe bolar
Saýrak dilli şahyr Gurbannazar Ezizow
Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi
Pyragynyň arzuwlan zamany geldi