Milli Goranmak ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Milli Goranmak ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler paýtagt Ankara şäherinde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Ýaşar Güler Yrak we Siriýa serhedinde 30-40 kilometr çuňlukda howpsuzlyk koridoryny döretmek üçin tutanýerlidiklerini beýan etdi.

Ýaşar Güler Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a degişli her dürli ýarag we ýaşaýyş üçin gerek bolan enjamlar bilen üpjün edilen gowaklaryň ýeke-ýeke yzyna gaýtaryp bolmajak derejede ýok edilýändigini habar berdi.

Kandil sebitine guralmagy ähtimal operasiýanyň hem üstünde durup geçen Ýaşar Güler: "Kandiliň käbir sebitlerinde terrorçylaryň bardygyny bilýäris. Biz üçin ýer atlarynyň ähmiýeti ýok. Terrorçylar nirä ýygnanan bolsa esgerlerimiz zerur bolan zady eder" diýip mälim etdi.

Soňky wagtlarda resmi Bagdat bilen geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklaryň hem üstünde durup geçen Ýaşar Güler, Yrakda döredilmegi meýilleşdirilýän "umumy operasiýa merkeziniň" hem ýaňadandan gün tertipdedigini aýan etdi.

Milli Goranmak ministrliginde şu gün şeýle hem howpsuzlyk maslahaty geçirildi.

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Daşary işler ministri Hakan Fidan we Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn Milli Goranmak ministrliginde howpsuzlyk maslahatyny geçirdiler.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Belgiýa gitdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar
Hakan Fidan PKK-nyň Ýewropa ýurtlaryndaky meçew bermeleri bilen bagly beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny