Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi

Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde, Prezidentiň kompleksinde geçirilen Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatyndan soň jarnama kabul edildi.

Jarnama laýyklykda maslahatda Türkiye Asyrynda Türkiyäniň çarçuwasynda, milli howpsuzlyk taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan syýasy, harby we ykdysady hadysalar ele alyndy, 2024-nji ýylda sezewar bolunmagy ähtimal meseleler bilen, şol çäkde alynyp baryljak işler we görüljek çäreler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Terror guramalary PKK,KJK-PÝD,ÝPG, FETÖ we DAIŞ başda bolmak bilen milli jebislik we agzaybirlik bilen asudalyga abanýan islendik wehime we howpa garşy ýurduň öz içinde we daşary ýurtlarda erjellik, tutanýerlilik we üstünlik bilen geçirilýän operasiýalar barada Geňeşe maglumat berilendigi bellenen beýanatda: "Türkiyäniň tutanýerlilik bilen alyp barýan milli howpsuzlyk syýasatyny, taslama terrorçylyk guramalary tarapyndan düzülen meýilnamalar bilen bozup bolmajakdygy nygtaldy. Ýurdumyz üçin howp emele getirýän ähli terror guramalaryny we şahalaryny, halkara hukukdan gözbaş alýan hukuklarymyzyň çäginde wagt we ýer tapawudy goýulmadan nyşana almaga dowam etjekdigimiz ýatladyldy" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi
"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"
Erdogan: "PKK-nyň ortadan aýrylmagy Yragyň hem bähbidinedir" diýdi
Erdogan Yrakdan PKK-ny Terror Guramasynyň Sanawyna Goşmagyna Garaşýandyklaryny Aýtdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary