Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Siriýanyň demirgazygynda geçirilen operasiýada terror guramasy PKK/ÝPG-niň Aýn Isa frontyndan jogapkär ýolbaşçysy "Dogan Amanos" adyny ulanýan Mehmet Akýol täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terror guramasy PKK-nyň düzümine goşulmadan ozal guramanyň habarçy syýasy gurluşlary tarapyndan Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitine tälim almagy üçin ugradylan Mehmet Akýol, guramanyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Jemil Baýykyň koordinasiýasyndaky syýasy tälimlerine goşuldy, guramanyň agzalaryna garşy harby operasiýalara päsgel bolmak maksady bilen PKK tarapyndan gurnalan aksiýalara gatnaşdy.

Wan we Amanos sebitlerinde howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşan, harby birikmelere garşy hüjüm guran Mehmet Akýol, terror guramasy PKK tarapyndan Türkiýeden Yraga ugradylanyndan soň PKK-nyň bazalarynda terrorçylykly aksiýalaryny dowam etdirdi.

Ýene degişli makalalar

Yragyň Demirgazygynda 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK/ÝPG-li 23 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türkiýe esgerleriniň Siriýanyň demirgazygyndan çekilendigi hakyndaky habarlary ret etdi
Tunjelide 4 Esger Şehit Boldy
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär