Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada operasiýa geçirdi

Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy Siriýada geçiren operasiýasynda, aralarynda gyzyl býulleten bilen gözlenýän terror guramasy DAIŞ-iň ozalky Türkiye häkimi Şahap Wariş hem bolan 4 terroçy tussag edildi.

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, Milli Howpsuzlyk gullugynyň Siriýada geçiren işleriniň netijesinde 4 terrorçynyň ýeri anyklandy.

Geçirilen işleriň netijesinde tussag edilen terrorçylar Içeri işler edarasyna berildi.

Tussag edilen terrorçylaryň biriniň gyzyl býulleten bilen gözlenýän terror guramasy DAIŞ-iň ozalky Türkiye häkimi Şahap Warişiň hem bardygy anyklandy.

Şahap Warişiň terror guramasy DAIŞ tarapyndan Türkiyede guralmagy meýilleşdirilen we howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öňi alynan köp sandaky terrorçylykly aksiýa bilen arabaglanşyklydygy anyklandy.

Ýene degişli makalalar

Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Russiýanyň Goranmak Ministri Şoýgu Wezipesinden Boşadyldy
MHG Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Ysraýylyň Rimdäki Ilçihanasy Howpsuzlyk Sebäpli Ýapyldy
Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny