Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Kalyn Kairde saparda bolýar

Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Kalyn Kairde saparda bolýar

Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Kalyn, Gazada atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşygyň ikinji tapgyryna geçilmegi baradaky tagallalaryň çäginde Kairde saparda boldy.

Müsüriň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Kairde bir ýere jemlenşen taraplar ylalaşyk etabynyň dowam etdirilmegi we ýüze çykan käbir kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy barada pikir alyşdy.

Gepleşiklere Türkiýäniň adyndan Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Kalyn, müsürli we katarly ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen palestinli toparlaryň wekilleri gatnaşdy.

Taraplaryň ylalaşyk tapgyrynda ýetilen sepgidi ara alyp maslashatlaşandygy nygtaldy.

Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi etaby, halkara güýjiň ornaşdyrylmagy we ylalaşygyň dowam etdirilmegi ýaly meseleleriň giňişleýin seljerlendigi nygtaldy.

2025-nji ýylyň 10-njy oktýabryna atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanylypdy. Ylalaşygyň birinji tapgyry ýesir çalşygy, ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagy we Ysraýylyň harby goşunynyň käbir sebitlerden çekilmegi ýaly ugurlary öz içine alýardy.

Palestinli taraplar Ysraýylyň ylalaşygyň çägindäki jogapkärçiliklerini doly ýerine ýetirmändigini nygtaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Prezidenti Erdogan şu hepde Saud Arabystanyna we Müsüre sapar gurar
Kair maslahaty başlady
Hakan Fidan Müsürde saparda boldy
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ysraýylyň Wekiliýeti Müsüre Bardy
Kairdäki Gepleşiklerden Netije Çykmady