Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy

Şu gun paýtagtymyzda“Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Halkara maslahaty geçirildi. Watanymyzyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Maslahatyň dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz halkara maslahatynyň geçirilýän ýeri bolan Söwda-senagat edarasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahat başlamagynyň öňüsyrasynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan Halkara sergi bilen tanyşdy. Ol 12 günüň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ýeten derejesini görkezdi.

Giň möçberli gözden geçirilişe ähli döwlet edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gatnaşdy. Serginiň çäklerinde köpsanly işewür çäreler, tanyşdyrylyş dabaralary we gepleşikler geçirildi. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we beýleki düzümleriniň ýolbaşçylary bilen daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň, halkara guramalarynyň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek çäresi boldy.

Şeýlelikde, serginiň tamamlaýjy gününde Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen Russiýanyň TASS döwlet habarlar agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda agentlikleriň ýolbaşçylary degişli resminama öz gollaryny goýdular.

1-nji dekabrda öz işine başlan serginiň dowamynda ABŞ-nyň 62 million dollaryna, 1,5 milliondan gowrak ýewro hem-de 2,5 million manatlyga barabar halkara resminamalarynyň we şertnamalarynyň jemi 130-dan gowragyna gol çekildi.

50-ä golaý resminama halkara guramalary bilen gol çekildi. Şolaryň köpüsi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň arasynda baglaşyldy. Gazanylan ylalaşyklar boýunça taslamalaryň bahasy ABŞ-nyň 82 million dollaryndan gowrak boldy. Şondan 70,5 million dolary türkmen tarapyndan gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, ýurdumyzyňharytlaryny eksporta ibermek boýunça ABŞ-nyň 72,79 million dollaryna barabar bolan şertnamalaryň 40-sy baglaşyldy.

Sergide bölümleriň bezeginde hem, işinde hem sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bu ýerde wideomaslahatlary, onlaýn-duşuşyklaryny we dünýäniň dürli künjekleri bilen göni aragatnaşyklary guramaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilen baýramçylyk sergisinde onlarça ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagy üçin şert döredildi. Bu Diýarymyzyň giň, deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan we halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň bähbidine gabat gelýän syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezdi.

Halkara serginiň mowzuklaýyn bölümleri Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Onuň her bir güni milli ykdysadyýetimiziň we durmuş toplumynyň pudaklarynyň birine bagyşlanyldy. Şu gün bu ýerde ähli pudaklar öz gazanan üstünliklerini we ýeten derejesini görkezdiler. Wideoşekillerde Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar, senagat, ulag-aragatnaşyk düzümleriniň döwrebaplaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumatlar beýan edilýär.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Halkara serginiň birnäçe gün bäri öz işini dowam edýändigi, onuň çäkleirnde birnäçe çäreleriň geçirilendigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýaýbaňlandyrylan serginiň Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesini, gazanýan üstünliklerini beýan etmekde we öňde durýan wezipeleri kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ugurlaryny öz içine alýan serginiň bölümleri bilen tanşyp başlady.

Serginiň merkezinde ýer togalagynyň görnüşinde aýlanyp duran şekil döredilipdir. Onda multimediýa tehnologiýalaryň kömegi arkaly dürli ýazgylar, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, parahatçylygyň we döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň baş nyşany bolan kepderiniň şekilleri görünýär.

Ýer togalagynyň görnüşinde taýýarlanan şekilde ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady serişdeleri, ulgamy barha ösýän eksport kuwwaty we täze önümçilik üstünlikleri häzirki zaman tehnologiýalarynyň üsti bilen görkezilýär. Ýokary tehnologiýalar ulgamynda önümçiligiň täze ugurlaryny özleşdirýän telekeçilik ulgamy umumy ösüşe mynasyp goşant goşýar.

Milli Liderimiz bu ýerde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna degişli bölümler bilen tanyşdy. Wise-premýerler özleriniň gözegçilik edýän düzümlerindäki sergiler bilen tanyşdyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bölümi bilen tanyşdy. Maglumat interaktiw monitorlarda, wideogörnüşlerde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işiniň möhüm ugurlary barada gürrüň berilýär. Şeýle hem olarda iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet işgärleriniň we beýlekileriň şekilleri janlandyryldy.

Dürli öwüşginli şekillerde durnukly ösüş maksatlarynyň 17-siniň nyşanlary, dünýä ýurtlarynyň elipbiý tertibindäki sanawlary, döwlet nyşanlary weTürkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalary görünýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň ähmiýeti” atly Kararnamanyň ýazgylary möhüm orun eýeleýär. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa howpsuzlygy babatda köpugurly halkara hukuk guralyny döretmek hakyndaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisine degişli bölüme bardy. Bu ýerde sanly tehnologiýalary we maglumat usullaryny ulanmak arkaly Parlamentiň işiniň esasy ugurlary, şol sanda milli kanunçylyk binýady pugtalandyrmak, milli Liderimiziň başlangyçlaryny dünýä giňişliginde öňe ilerletmek we özgertmelere hukuk goldawyny bermek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler giňden görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz beýleki bir diwarlygyň ýanynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gazanýan üstünlikleri, ähli ugurlaryň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy boýunça durmuşa geçirýän çäreleri barada gürrüň berýän maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Bu ýerde Diýarymyzyň medeniýet we sungat ulgamyna degişli bölüm öz gymmatlyklaryny görkezdi. Şonda halkymyzyň baý mirasy, dünýä nusgalyk däpleri barada gürrüň berilýär. Zergärçilik sungatynyň ajaýyp eserleri, gadymy kümüş bezegler, milli saz gurallary we beýleki gymmatlyklar türkmen halkynyň döredijilik zehinini giňden açyp görkezýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň bölümleri bilen tanyşdy. Bu ýerde toplumyň düzümleriniň işleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär,ýöriteleşdirilen pudaklaýyn neşirler, gollanmalar,dürli bank we elektron hyzmatlarynyň wideotanyşdyrylyşy serginiň häsiýetli aýratynlygydyr.

Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyna degişli bölümde bu ugurda gazanylan üstünlikler we onuň mümkinçilikleri aýdyň beýan edilýär. Şeýle hem milli halypaçylyk mekdebiniň nesilden-nesle geçirilişiniň aýdyň nyşany bolan gymmatly golýazmalar, Diýarymyzyň alymlarynyň täze işläp taýýarlamalary öz beýanyny tapdy.

Şu ýerde dermanlyk ösümlik hökmünde ykrar edilen üzärligiň dessesini, türkmen himiýaçylarynyň ýakynda oýlap tapan “ýodomal” antiseptik serişdesini we ylym-barlag taslamalarynyň beýleki miwelerini görmek bolýar. Mundan başga-da, bu bölümde ýrudumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan syýasatyň üstünliklere beslenýändigini aňladýan köpsanly diplomlar we degişli baýraklar görkezilýär.

Ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bölümini türkmen türgenleriniň abraýly halkara bäsleşiklerinde dürli ýyllarda gazanan medallary hem-de kuboklary bezeýär. Çeper şekiller, paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň baş bezegine öwrülen ahalteke bedewiniň kellesiniň şekili 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlarynyň üstünliklerini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin berlen çakylyk, milli Liderimize 2019-njy ýylyň aprel aýynda dünýä giňişliginde sambonyň ösmegine goşant goşandy üçin gowşurylan samboçynyň lybasy bilen Halkara sambo federasiýasynyň güwänamasy bölümde görnükli orun eýeleýär.

Ýaryş ulagy “Amul-Hazar-2018” Halkara awtoralliniň täsirli pursatlaryny görkezýär. Onda döwlet Baştutanymyz ýaryşyň birinji tapgyrynda çykyş etdi. Garagum sährasynyň çägi boýunça geçirilen ýaryş türkmen sportunyň taryhynda dünýä derejesine çykarylan pursat hökmünde ýazyldy.

Çarpaýa galan iki bedewiň şekili “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň bölümini açýar. Onda bedewiňkümüşden ýasalan bezeg şaýlary görkezilýär. Bu ýerde milli Liderimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri aýratyn orun eýeleýär.

Akhan atly bedewiň çarpaýa galyp, 10 metr aralygy geçmekde, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi we oňa şaýatlyk edýän güwänama baýramçylyk serginiň esasy bezeginehem-de ol dünýä bileleşiginiň türkmen bedewleriniň deňsiz-taýsyz ugurlaryny görkezýän ykrarnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň bäş welaýatynyň ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanan bölümleri synlady. Şolarda her sebitiň aýratynlyklary, tebigy serişdeleri hem-de onuň esasynda ösdürilýän ýerli senagat önümçilikleri görkezilýär.

Bu ýerde oturdylan monitorlarda Diýarymyzyň welaýatlarynyň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik edaralary, zawodlar hem-de kärhanalary, elektrik beketleri, mekdepler we beýleki desgalar görünýär Munuň özi sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini görkezýän wideoşekillerdir.

Welaýatlaryň çäklerinde hereket edýän iri kärhanalaryň önümlerini, şol sanda dokma we gurluşyk senagatyna, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän kärhanalaryna degişli görnüşler olaryň mümkinçiliklerini görkezýär. Häzir oba ýerlerinde ýokary öndürijilikli täze traktorlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň, ýyladyşhanalaryň kiçeldilen görnüşleri, türkmen topragynyň dürli künjeklerinde bitýän dermanlyk ösümlikler baradaky maglumatlar bu ugra degişli ösüşleri beýan edýär.

Ýurdumyzyň ulag toplumyna degişli bölüm baýramçylyk sergini dowam edýär.Onda Diýarymyzyň çäginden çartarapa uzaýan demir ýollaryň, awtomobil ýollarynyň, häzirki zaman deňiz we derýa gämileriniň ugurlary görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde toplumyň ygtyýarynda bar bolan uçarlaryň, awtobuslaryň köp görnüşleri goýlupdyr.

Bu ugurlar ýurdumyzyň ägirt uly giňişliklerini baglanyşdyrýar.Döwrebap yşyklar ulgamy arkaly Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara geçelgeleri we ýollar, şol sanda ýakynda ulanylmaga berlen “Lapis-Lazuli” ugry görkezilýär.

Döwlet haryt-çig mal brižasyna degişli monitorda harytlaryň nyşanlary hem-de aýratynlyklary bilen baglylykda, bazarlaryň ösüş depgini, şu döwrüň anyk işi görkezilýär. Bu gün Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda eksport kuwwatyny artdyrýar. Harytlaryň iberilýän ugurlaryny we hyzmatdaşlygy giňeldýär. Diýarymyzda täze tehnologiýalar esasynda döredilen gaýtadan işleýän pudaklaryň ösmegi netijesinde, ýokary goşulan bahaly önümleriň mukdary artýar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ähli ugurlarda alnyp barylýan işlerde möhüm orun eýeleýändgi baradaky bölümde hususy kärhanalaryň we kompaniýalaryň öndürýän hem-de daşary ýurt harytlary bilen mynasyp bäsleşdik edýän dürli görnüşdäki önümleri görkezilýär.

Dokma toplumynyň bölüminde dokalan matalar, çagalar we uly adamlar üçin niýetlenen geýimler, zenan lybaslary, tüýjümek önümler, diňe bir içerki bazarda däl, eýesm, daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli nah mata önümleri görkezilýär.

Ajaýyp halylar, türkmen medeniýetiniň we durmuşynyň möhüm ugry hasaplanylýan önümler “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň gymmatlyklarydy. Şu ýerde sanly ulgam arkaly guralan haly erişleriniň üstünde haly nusgalarynyň dürli görnüşleri, türkmen zenanlarynyň asyrlar aşyp gelýän el işleri we gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten, nesilden-nesile geçirilen ajaýyp hünäriň aýratynlyklary görkezilýär.

Soňra serginiň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguy Berdimuhamedowa “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerine degişli böldümler görkezilýär. Ägirt uly ekranlarda bu pudaklaryň senagat taýdan alyp barýan işleriniň depginleri buraw wyşkalary görünýär. Döwrebap önümçilik kuwwatlyklary we terminallar baradaky maglumatlar milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagynyň bölüminiň üstüni ýetirýär.

Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ornaşdyrylmagy pudagyň täzeçil ösüşini üpjün edýär hem-deDiýarymyzyň dünýäniň energetika döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyrýar.

Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän häzirki zaman senagat toplumyna aýratyn bölüm bagyşlanýar. Onuň çäklerinde bu gazhimiýa toplumynyň mynasyp bolan halkara güwänamalary, şol sanda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa EURO-5 standartyna laýyk gelýän EСO-93 benziniň önümçiligi boýunça dünýäde gurlan ilkinji kärhana hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamasy goýlupdyr.

Sergide Gyýanlyda gurlan polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça täze gazhimiýa toplumynyň güwänamalary hem görkezilýär. Mundan başga-da, bu ýerde ak mermerli Aşgabadyň ösüşine, gurluşyk we binagärlik, energetika, saglygy goraýyş, elektron senagaty pudaklaryna degişli bölümler hereket edýär.

Mahlasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň synlan köpugurly sergisi eziz Diýarymyzyň durmuşynyň şu günki sazlaşykly ösüşini hem-de döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özboluşly gözden geçirilişe öwrüldi.

Şu ýerde Magtumguly Pyragynyň keşbi janlandyryldy. Akyldar şahyr nurana arzuwlara beslenen şygyrlarynyň üsti bilen milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten derejesiniň, häzirki bagtyýar zamananyň waspyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz köpugurly pudaklaýyn sergi bilen tanyşlygyny jemläp, bu ýerde guralan giň möçberli gözden geçirilişe ýokary baha berdi hem-de şeýle sergileri yzygiderli dowam etdirmegiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz maslahatlar zalyna bardy. Bu ýere foruma gatnaşyjylar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar. Hemmeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Türkmen bitaraplygynyň çärýek asyrlyk döwri onuň hukuk derejesiniň diňe bir Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä möçberde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Öz parahatçylyk söýüjilik we döredijilik mümkinçilkerini umumadamzat bähbidine durmuşa geçirýän Bitarap Watanymyz häzirki döwürde adamzat üçin tolgundyryjy wajyp wezipleleriň çözgüdine mynasyp goşant goşýar.

Bitaraplyk nukdaýnazaryndan Türkmenistan ähli jedelli meseleleriň, şol sanda Owganystandaky ýagdaýyň diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagynyň tarapdary bolup durýar hem-de BMG-niň howandarlygynda parahatçylykly owganara gepleşikleri geçirmek üçin syýasy meýdançany hödürlemäge taýýardygyny mälim edýär.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunçadostlukly ýurduň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagynahem-de dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen wajyp düzümleýin taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Owganystanda pugta parahatçylygyň ýola goýulmagyna, goňşy döwletiň howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gyzyklanmalaryny tassyklap, Türkmenistan bu ugurda halkara tagallalarynyň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny öňe sürýär.

Eziz Diýarymyzyň Bitaraplygynyň we onuň mümkinçilikleriniň zerurdygy häzirki döwriň ýagdaýlarynyň esasynda aýratyn tassyk bolýar. Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi munuň nobatdaky subutnamalarynyň biridir. Ol ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine netijeli köptaraply gatnaşyklar üçin açyk meýdança bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowmaslahatyň dabaraly mejlisini açyp, ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ykrar edilen hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen tassyklanan hemişelik bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary syýsatynyň esasy ugry bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyz hemişelik bitarap döwlet hökmünde halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny baýram edýär diýip, milli Liderimizbelledi. Şu geçen döwür Türkmenistanyň durmuşa geçirýän bitaraplyk daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigini we onuň dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini has aýdyňlygy bilen görkezdi.

Hemişelik bitaraplyk derejesine esaslanyp, Türkmen döwleti diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş etmän, eýsem, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gatnaşýar.

Şu günki maslahat munuň subutnamasydyr. Onuň dowamynda milli we umumadamzat ähmiýetli meselelere üns berler we olar boýunça pikir alyşmalar bolar hem-de ýakyn geljek üçin bilelikdäki işleriň ugurlary kesgitlener. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri hökmünde tassyklanan rus dilinde dowam etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara maslahatynyň dabaraly mejlisine gatnaşyjylary gutlap, olara bu foruma gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň köpugurly gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öz çemeleşmeleri, teklipleri we garaýyşlaryboýunça pikir alyşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagy ýurdumyz üçin, hakykatdan-da, taryhy waka boldy. Ol Türkmen döwletiniň daşary syýasatyň esasy ugruny we mazmunyny kesgitledi hem-de içerki ösüşe, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda giň möçberli milli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine, demokratik düzümleriň kemala gelmegine we pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berdi.

Türkmenistanyň bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýratynlygy BMG-niň tejribesinde onuň ilkinji gezek ýörite Kararnama hökmünde Baş Assambleýanyň biragyzdan kabul eden çözgüdiniň giň goldawa eýe bolmagyndan we berkidilmeginden ybaratdyr.

Dünýäniň iri döwletleri, şol sanda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary bolan ýurtlar bu resminama awtordaş bolup çykyş etdiler. Şeýlelikde, Türkmenistan bitaraplyk derejesine halkara hukuk ugry hökmünde eýe boldy hem-de dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan bu taryhy Kararnamanyň taýýarlanylmagyna we kabul edilmegine goldaw beren hem-de oňa işjeň gatnaşan ähli döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Sekretariatyna hem-de onuň zerur guramaçylyk meseleleriniň we çäreleriniň çözülmegine işjeň gatnaşanişgärlerine hemnetijeli iş üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, türkmen bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň birpursatlaýyn waka däldigini belledi. Baş Assambleýanyň Kararnamany kabul etmegi dürli görnüşldäki ägirt uly we tutanýerli syýasy-diplomatik işlere, köpsanly gepleşikleriň geçirilmegine badalga berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň bu ugurda oňyn orun eýeleýändigini belledi. Olar 1995-nji ýylyň ýazynda Yslamabatda geçirilen sammitde Türkmenistanyň bitaraplygyna goldaw bermek hakyndaky beýannamany kabul etdiler. Şol ýylyň oktýabr aýynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammiti bu işiň nobatdaky tapgyry boldy. Şonda türkmen bitaraplygy bu abraýly halkara bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldawa eýe boldy.

Şu wakalar barada aýtmak bilen, milli Liderimiz mundan25 ýyl ozalky döwrüň örän wajyp hem-de ähmiýetli wakasyny aýratyn belledi. Şol çylşyrymly, öwrülişik, şeýle hem toparlaýyn garşy durmalaryň tamamlanýan, adaty hereketleriň hem-de görkezijileriň tamamlanýan döwründe Türkmenistanyň halkara bitaraplyk syýasaty hemmetaraplaýyn, şol sanda dürli garaýyşlary we häzirki zaman dünýäsiniň ösüş meselesi boýunça dürli ugurlary öňe sürýän, özara gapma-garşylyklary bar bolan döwletler tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Dünýä syýasatynyň durnuklaşdyryjy şertleriniň biri hökmünde bitaraplyk derejesini peýdalanmak üçin şol döwürde oňyn şertleriň kemala gelendigine ynanýaryn. Şeýlelikde, birnäçe pursatlarda öz hyzmatdaşlarymyza kartanyň wajyp geosyýasy sebitinde bitarap, parahatçylyk söýüji döwletiň emele gelmeginiň sebitara we halkara gatnaşyklarynyň ösüşiniň möhüm şertini döretjekdigini ynandyrmak başartdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýüzýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň beýleki halklaryň wekilleri bilen bilelikdäki durmyşynyň taryhy tejribesi bitaraplyk derejesini saýlap almagyň möhüm şertini emele getirendigi gürrüňsizdir. Dürli döwürleriň bolandygyna garamazdan, onuň esasynda parahatçylyk söýüjilik, hormat goýmak, hemmelere deň derejede garamak, açyklyk bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Garasşyzlygymyzy gazanmak bilen, biz bu düşünjäni daşary syýasatynyň anyk ugruna öwürdik hem-de ony iş ýüzünde netijeli peýdalanmak üçin has amatly we bähbitli ugur bolan bitaraplygy saýlap aldyk.

- Biz ony oňyn bitaraplyk diýip atlandyrmak bilen, halkara gatnaşyklarymyza ähmiýet häsiýet we ugur berdik. Ähli döwletler bilen hoşniýetli hem-de deň derejedäki netijeli gatnaşyklara bolan gyzyklamalarymyz onuň esasyny düzýär.

Türkmenistan hemmelere dostlugy, hyzmatdaşlygy, deňhukukly gatnaşyklary teklip etmek bilen, bitarap ýurt hökmünde olaryň içerki işine gatyşmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk dolanyşygyna hormat goýmak, köptaraply harby-syýasy şertnamalara we birleşiklere gatnaşmazlyk ýaly borçnamalary öz üstüne aldy diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu syýasata goldaw bermek ýörelgeleri halkara guramalarynda kabul edilen we halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylan birnäçe Kararnamalarda hem-de beýleki çözgütlerde öz beýanyny tapdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyga, howpsuzlygy we durnukly ösüşe goldaw bermekde hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini belläp, dünýä bileleşigine bolan buýsanjyny we minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

BMG-a agza döwletleriň 34-siniň awtordaşlygynda kabul edilen bu wajyp resminama bitaraplyk syýasatynyň häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde durýan wajyp meseleleriň çözgüdinde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde hem-de tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnamany biragyzdan kabul etmeginiň biz üçin uly hormat bolup durýandygyny belledi.

Çärýek asyr bäri Türkmenistan bu ýörelgelere gyşarnyksyz eýerýär, parahatçylyk söýüjilik, deňeçer garaşsyz syýasaty yzygiderli alyp barýar. Öňi bilen, bize goňşy ýurtlar bilen oňyn gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak başartdy diýip, milli Liderimiz belledi.

Köpasyrlyk tejribä, medeni hem-de ruhy ýakynlyga esaslanyp, biz hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmek, goňşy ýaşaýan halklaryň we döwletleriň taryhy ykballarynyň bitewüligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardyk.

Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamak hem-de berkitmek, ykdysady, söwda hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik deňeçerligiň möhüm guraly hökmünde sebit howpsuzlygynyň baş şertini emele getirýär. Goňşy döwletler bilen bilelikde, BMG bilen ýygjam gatnaşyklary ösdürmek, jedelli ýagdaýlaryň öňüni almagyň guralyny döretmek, Merkezi Aziýada özara düşünişmek, ynanyşmak ugurlaryny tassyklamak boýunça iş alyp barýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bitarap Türkmenistanyň çägi sebit gün tertibiniň brnäçe çylşyrymly meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin kabul ederlikli ýer hökmünde birnäçe gezek saýlandy. Umuman, bitaraplyk ýörelgeleri, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçilikleri, gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak, olaryň öňüni almak hem-de aradan aýyrmak we ony gepleşikler arkaly çözmek meselesinde özüniň netijeliligini görkezýär hem-de halkara diplomatik gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär we ýokary derejede ykrar edilýär.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz 2007-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdi esasynda we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goldaw bermeginde ştab-kwartirasy Aşgabatdaýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Tejribäniň görkezişi ýaly, munuň özi öz wagtynda amala aşyrylan we öňdengörüjilikli ädime öwrüldi. Merkeziň işi halkara bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, onuň işiniň jemlerine baha bermek bilen, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi öňüni alyş diplomatiýasynyň işiniň, Merkezi Aziýada dawalaryň irki döwürde öňüni almak wezipesiniň wajyp ähmiýete eýedigini birnäçe gezek belledi we bu düzümiň işine yzygiderli goldaw berdi.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny” atly Kararnamany kabul etdi.Oňa ähli yklymlara degişli döwletleriň 57-si awtordaş bolup çykyş etdi.

Bu gezekki mejlisiň dowamynda türkmen tarapy bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerini jemlemek hem-de herekete girizmek boýunça işleri dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýlelikde, ýurdumyz tarapyndan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny hakyndaky Kararnamanyň täze taslamasy taýýarlanyldy.Oňa goşmaça has mazmunly ugurlar, hususan-da, Öňüni alyş akademiýasyny institusional taýdan resmileşdirmek we Merkezi Aziýa bilermenler forumynyň guralyny pugtalandyrmak hakynda goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň bitaraplyk syýasatynyň halkara syýahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda eýeleýän orny hem-de ähmiýeti hakynda Kararnamasynyňtaslamasyny hödürledi.

Mundan başga-da. turkmen tarapynyň başlangyjy boýunça halkara gatnaşyklary tejribesinde bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmek boýunça ulgamlaýyn iş üçin häzirki döwürde gepleşikler meýdançasy hökmünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredilýär. Oňa eýýam 20-den gwrak döwlet girdi diýip, milli Liderimiz belledi. Munuň özi häzirki şertlerde bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýetine we geljegine düşünmek ugurlarynyň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan BMG-niň halkara meselelerini kadalaşdyrmakda bitaraplyk ýörelgelerini netijeli ulanmak boýunça düzgünnamalar toplumynyň taýýarlanylmagy ähmiýetli we maksadalaýyk ädim bolup durýar. Şeýlelikde, döwet Baştutanymyz olaryň ulanylmagynyň ähli halkara ýagdaýyna netijeli täsir etmäge we uly bähbit getirmäge ukyply boljakdygyna ynam bildirdi.

Umuman, häzirki döwürde dartgynlylygy aradan aýyrmak, dünýäde durnuklylygy saklamak boýunça bilelikdäki tagallalaryň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda alnyp barylmagy döwletleriň, halkara edaralarynyň we aň-bilim merkezleriniň, bu ugra jogapkärli köpçülikleiýn habar beriş serişdeleriniň möhüm ugruna öwrülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Birek-birek bilen özara gatnaşyklarda ynanyşmagy hem-de hormat goýmagy dikeltmek, oňa gatnaşyjylaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini ykrar etmäge esaslanýan deňhukukly gatnaşyklary tassyk etmek zerur bolup durýar.Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz her ýurduň bu maksatlara ýetmekde önjeýli we ähmiýetli goşant goşmaga ukyplydygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda,Türkmenistan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dünýä bileleşiginiň hoşniýetli erkine ynam bildirmek ýörelgelerine esaslanyp, 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy öňe sürdi.

Bu teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň goldawyna mynasyp boldy we geljek ýylda biz Aşgabatda dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm tapgyra öwrüljek, nukdaýnazarlary we çemeleşmeleri ýakynlaşdyrmagyň ýoluny gözlemekde oňyn netije berjek ýokary derejedäki Halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähli döwletler bilen dostlukly, netijeli we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklamakda, BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, beýleki abraýly halkara guramalarynyň işine gatnaşmakda, şeýle hem ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä gurluşynyň has wajyp meselelerini çözmäge doly derejede gatnaşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döretmekde ähmiýetlidigini belledi.

Türkmenistanyň halkara başlangyçlary energetika howpsuzlygy, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, ekologiýa, azyk üpjünçiligi, suw serişdelerine elýeterlilik, bosgunlaryň hukuklaryny goramak we ählumumy ösüşiň beýleki möhüm ugurlarynda aýratyn ähmiýetlidir hem-de uly abraýa eýedir. Biz bu meselelere çemeleşmelerimizi döwletleriň hem-de halkara guramalaryň netijeli we aýdyň ýörelgeleriniň mümkinçiliklerini birleşdirmek zerurlygyndan ugur alyp döredýäris.

Tebigy gazyň ägirt uly dünýä gorlaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistan dünýäniň energiýa serişdelerine adalatly we deňhukukly elýeterliligiň üpjün edilmeginiň yzygiderli tarapdary bolup durýar. Ähli taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, ygtybarly we durnukly energetika geçirijiler ulgamynyň döredilmegi şu maksada ýetmegiň esasy ýollarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Biziň ýurdumyz BMG-niň çäklerinde energetika meselesi boýunça giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna başlamagy teklip etdi hem-de Baş Assambleýanyň goldawyna mynasyp bolan Kararnamanyňtaslamasyny işläp taýýarlady. Şol mejlisiň dowamynda biz energiýa serişdeleriniňygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň eýeleýän orny” atly Kararnamanyňtaslamasyny hödürledik.

Türkmenistan dünýäniň energiýa üpjünçilik ulgamynyň ählumumy ykdysady ösüşiň, adamlaryň abadançylygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň bähbidine gulluk etjekdigine pugta ynanýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Munuň üçin bolsa energiýa serişdelerini birtaraplaýyn ülňüsinden el çekmeli, işe päsgel berýän bökdençilikleri aradan aýyrmaly, baha dolanyşygynyň umumy kabul ederlik derejesini üpjün etmeli.Türkmenistan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna bolan gatnaşyklar babatda hem şeýle garaýyşlary öňe sürýär.

Ulag meselesi boýunça ählumumy başlangyç bilen BMG-niň derejesine çykmak arkaly biz bu wezipeleriň häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen berk baglanyşyklydygyndan ugur aldyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Halkara ulag ulgamynyň ornuny işjeňleşdirmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulyşmagy arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüş derejesindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. ХХ1 asyrda Milletler Bileleşiginiň möhüm wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen döwrebap ulag düzümini döretmek ýörelgeleri tutuş dünýäde millionlarça adamlaryň hyzmatyna, dünýäniň tebigy serişdeleriniň saklanylmagyna we artdyrylmagyna gönükdirilendir.

Bu bolsa, adamzadyň häzirki döwürde alyp barýan işiniň halkara strategiýasy bolup durýar.

2016-njy ýylda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçirildi. Geljek ýylda bolsa AşgabatdaDeňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň çäklerinde durnukly ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlyga çagyrýan Kararnamalaryň taslamalaryna goldaw bermek babatdaky tagallalary artdyrar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz ekologiýa meselesine we howanyň üýtgemegine möhüm üns berýär.Durnukly ösüş boýunça Rio+20 sammiti, 7-nji Bütindünýä suw forumy ýaly ählumumy duşuşyklarda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki abraýly guramalaryň belent münberlerinde biziň ýurdumyz ykdysadyýetiň işi bilen daşky gurşawy goramagyň arasynda oýlanyşykly deňeçerligi gözlemäge we ony üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär.

Hususan-da, türkmen tarapy energetika pudagynda anyk ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny Hazaryň biodürlüligini saklamagyň zerurlygy bilen birleşdirmegiň möhümdigi, onuň çeýe ekologiýa derejesiniň bozulmagyna ýol bermezligiň wajypdygy hakynda mälim etdi.

Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bir bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde daşky gurşawy goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly hem-de başga birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Biziň ýurdumyz “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” Kararnamanyňtaslamasynyň awtory bolup durýar hem-de ol Baş Assambleýanyň goldawyna mynasyp boldy we häzirki döwürde aral heläkçiligini aradan aýyrmak, ykdysady we durmuş şertlerini, ilatyň ýaşaýyş hem-de saglyk derejesini gowulandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Elbetde, bu başlangyçlar köp babatda Türkmenistanyň ýerleşýän sebitine degişlidir. Şeýle ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň, ilkinji nobatda, geljek nesiller, biziň planetamyzyň ajaýyp keşbini saklamak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek hakyndaky alada bilen baglanyşyklydygyny hem-de dünýäniň beýleki künjekleri üçin hem bähbitlidigi bellärliklidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

2016-njy ýylda howanyň üýtgemegi hakyndaky Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistan ählumumy ekologiýa gün tertibiniň çözülmegine mynasyp goşant goşdy we häzirki döwürde ýurdumyz bu ählumumy resminamanyň ýörelgelerine eýermek bilen, özüniň wajyp döwlet wezipelerini kesgitleýär. Munuň özi ony utgaşdyrmak boýunça halkara tagallalaryna netijeli goldaw bermekden ybaratdyr.

Bitaraplyk derejesi Türkmenistana halkara ynsanperwer işine gatnaşmak, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek işine gatnaşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Halkara migrasiýa guramasynyň agzasy bolmak bilen, ýurdumyz bu çylşyrymly ählumumy meseläniň çözülmegine mynasyp goşant goşýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

2012-nji ýylda Aşgabatda “Musulman dünýäsinde bosgunlar” ady bilen ilkinji Halkara maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda wajyp ylalaşyklar gazanyldy. Biz olary ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli iş alyp barýarys we indiki ýylda BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde, bu mowzuk boýunça ikinji Halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Bu ugurda milli tagallalar barada aýdylada bolsa, diňe 2011-nji ýyldan häzirki döwre çenli 26 müňe golaý adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi diýip, döwlet Baştutanymyz bu maglumatlary mysal hökmünde getirdi.

Ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýa bolan çemeleşmeleri barada aýdylanda bolsa, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan goňşy döwlete anyk ykdysady we ynsanperwer goldawy berip gelýär.Bu Owganystanyň çäklerinde lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurluşygy, ýeňillikli bahalarda energiýa serişdeleriniň ugradylmagy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan ýaşlaryna bilim berilmegi, dostlukly ýurda yzygiderli ynsanperwer kömeginiň ugradylmagy we goldawyň beýleki görnüşleri ýaly ugurlarda öz beýanyny tapýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu işler Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Bu işleriň ýurdumyzda Owganystana ynsanperwer kömegini bermek boýunça ýörite taýýarlanylan maksatnama laýyklykda, yzygiderli alnyp baryljakdyyna we zerur goldawyň beriljekdigine owgan dostlarymyzy hem-de halkara bileleşigini ynandyrýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Owgan tarapynyň gatnaşmagynda, ilkini nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly durmuş taýdan möhüm ugurlarda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçrilmegi goňşy döwletiň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady hem-de durmuş taýdan galkynmagynyň, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak bilen türkmen tarapy, mälim bolşy ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşarylmagyny öňe sürdi. Şol birwagtyň özünde Türkmenistan- Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy, şeýle hem ýurdumyzy Owganystan bilen baglanyşdyrýan demir ýollary çekmek işleri alnyp barylýar.

Biz Owganystanyň, beýleki goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda has ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmegrň üstünde işlemegi dowam etmegi meýilleşdirýäris we halkara guramalary, öňi bilen bolsa, BMG bilen doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek işinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy ugra degip geçmek bilen, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hem-de gönüden-göni goňşy ýurt hökmünde Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge hem-de zerur bolan ähli guramaçylyk şertlerini döretmäge taýýardygy baradaky ýurdumyzyň üýtgewsiz ornuny tassyklap, bu meselede gepleşikleri geçirmegiň ýeke-täk serişdedigine ynam bildirdi.

Milli Liderimizçykyşynyň dowamynda häzikri wagtda tutuş dünýäniň sezewar bolan täze çynlakaý wehimi barada durup geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, koronawirus pandemiýasy onlarça million adamyň saglygyna zeper ýetirmeginden hem-de gynansak-da, köpsanly adamlaryň ömür tanapyny kesmeginden başga-da, halkara gatnaşyklaryndaky ulgamlaýyn meseleleri ýüze çykardy.

Ilkinji nobatda, bu howpa garşy göreşde diňe bir tehniki taýdan däl-de, tagallalary birleşdirmäge hem taýýarlygyň ýokdugy aýan boldy. Şunda ynamyň we syýasy erkiň ýeterlik derejede däldigini ýene-de bellemek gerek.

Bu ýokanç kesel ýaýrap başlan badyna Türkmenistan öz anyk we üýtgewsiz garaýyşyny beýan etdi: ähli döwletleriň jebisligini, raýdaşlygyny hem-de bu wehime garşy göreşde özara goldawyny jemlemek zerur diýip, milli Liderimiz nygtady.

Anyk çäreler barada aýdylanda, ýurdumyz halkara ylmy diplomatiýanyň mümkinçiliklerini doly derejede herekete girizmek ugrunda çykyş edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki mejlisinde dürli ýurtlaryň lukmançylyk bileleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegine, bilelikdäki işläp taýýarlamalaryň hem-de hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň höweslendirilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň birnäçesini teklip etdi.

Türkmenistan 2021-nji ýylda Aşgabatda täze görnüşli ýokanç kesellere garşy göreş meseleleri boýunça Alym-lukmanlaryň halkara forumyny geçirmegi teklip edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowçykyşyny jemläp, häzirki wagtda bitaraplyk ýörelgelerini Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly peýdalanmagyň mümkindigini, bu syýasatyň hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ýola goýmak işlerinde uly mümkinçiliklere eýedigini, Birleşen Milletler Guramasynyň binýat goýujy maksatlaryny hem-de strategiýalaryny durmuşa geçirmekde ähmiýetli orun eýeleýändigini belledi.

Bitaraplyk syýasatynyň döredijilikli iş bolup, onuň täze taglymlar hem-de iş ýüzündäki tejribeler bilen baýlaşdyrylýandygy, üýtgäp durýan ýagdaýlara, ýüze çykýan wehimlere uýgunlaşýandygy türkmen bitaraplygynyň möhüm aýratynlygydyr. Emma onuň parahatçylyk söýüji, döredijilik, ynsanperwer häsiýeti üýtgewsizligine galýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl ýurdumyz özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, Türkmenistanyň bu döwürde uly sepgitlere ýetendigini, kuwwatly ykdysadyýeti we durmuş ulgamy bolan, halkara bileleşiginiň mynasyp hem-de abraýly agzasy bolan okgunly ösýän döwlete öwrülendigini belledi. Köp babatda bu üstünlikler yzygiderli geçirilýän bitarplyk syýasatynyň netijesi boldy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz garaşsyzlyk we bitaraplyk düşünjeleriniň türkmen halky üçin bitewi garaýyşlar bolup durýandygyny ýene bir gezek nygtady. Olar biziň döwletliligimiziň iki daýanç sütünidir, Türkmenistan bu sütünlerde ynamly orun alyp, özüniň ýer ýüzündäki köpsanly dostlary bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, maslahata gatnaşyjylara gyzykly we netijeli işlemegi arzuw etdi.

Soňra forumda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişiň maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi diňlendi.

Iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamany kabul etmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Baş Assambleýa bu möhüm resminamany kabul etmek bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar etdi hem-de bu derejäniň Merkezi Aziýada parhatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Jenap Antoniu Guterrişiň aýratyn belleýşi ýaly, şol pursatdan başlap biziň ýurdumyz sebitiň döwletleriniň arasynda we onuň çäklerinden daşarda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde işjeň we oňyn orny eýelemegini dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary 2007-nji ýylda ýurdumyzyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezini kabul edendigi hem-de onuň işini goldaýandygy üçin Türkmenistanyň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdy.

Häzirki çylşyrymly döwürde her bir ýurduň halkara parahatçylygynyň üpjün edilemgine goşant goşmagynyň örän möhümdigi nygtaldy.

BMG-niň Baş sekretary Durnukly ösüş maksatlarynyň möhümdigini ykrar edýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi. Jenap Antoniu Guterriş wideoýüzlenmesiniň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň geljek-de hem ýurdumyza bu maksatlara ýetmekde onuň tagallalaryny hemişe goldajakdygyny aýdyp, hemmeleri bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed al-Usaýminiň wideoýüzlenmesi görkezildi.

YHG-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň alyp barýan oňyn syýasatynyň, hem-de halkara meselelerini parahatçylyk we gepleşikler serişdeleri arkaly çözmek boýunça garaýyşlarynyň Yslam Hyzmatdaşlyk GuramasynyňTertipnamasynda berkidilen maksatlara hem-de ýörelgelere gabat gelýändigini nygtady.

Türkmenistanyň düýpli ösüşlere ýetmek ýolundadeňhukuklylyk, özara bähbitlilik hem-de ählumumy hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlary YHG-niň 2020-2025-nji ýyllar üçin Hereketler maksatnamasynyň wezipelerine kybap gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işjeň agzasy bolanýurdumyzyň, bu guramanyň YHG-niň taglymlaryna ygrarlydygyna, bilelikdäki çärelere hem-de YHG-niň möhüm çäreleriniň geçirilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berýändigi nygtaldy.

Jenap Ýusef Ben Ahmed al-Usaýmin wideoýüzlenmesiniň ahyrynda Türkmenistanyň halkyna geljekde hem ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewhem maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesini iberdi.Ol GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmenistanlylary döwlet baýramy Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady.

Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegine 25 ýyl dolýar. Jenap Lebedew bu çözgüde Türkmen döwletiniň döredijilikli daşary syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilmegi hem-de ykrar edilmegi hökmünde garamagyňzerurdygyny nygtady. Arkalaşygyň ýurtlary Türkmenistanyň saýlap alan bu ýoluna hormat bilen garaýar. Türkmenistan Arkalaşygyň işine işjeň gatnaşýar.

“Biz Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklaryny hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerinde guramaga çalyşýandygyny açyk-aýdyň görýäris” diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiň Başlygy-ýerine ýetiriji sekretary aýtdy.

GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, biziň ýurdumyz arkalaşygyň çäklerindäki köpsanly döredijilikli maksatnamalaryň işjeň agzasy hökmünde özüni görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2012-nji ýylda hem-de 2019-njy ýylda, GDA üstünlikli başlyklyk edendigi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de Arkalaşygyň döwletleriniň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna yzygiderli goşulyşmagyny üpjün edýän netijeli gurallaryny döretmäge gyzyklanma bildirilýän başlangyçly çemeleşmeleri bellenildi.

Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi hem Türkmenistanyň başlyklygynyň çäklerindäki mazmunly waka boldy. Ol kenarýaka ýurtlary hem-de GDA döwletleriniň ählisi üçin sebit hyzmatdaşlygynyň hem-de ulag, söwda, energetika, ekologiýa, syýahatçylyk, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak ugurlarynda özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açdy.

Ýurdumyzyň medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan uly goşandynyň hatarynda GDA-nyň agza döwletleriniň döredijilik we ylmy işgärleriniň XIV forumynyň taýýarlanylmagyny hem-de geçirilmegini, 2018-2020-nji ýyllarda Ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamynda ileri tutulýan çäreleriň meýilnamasyny, GDA-da sportuň milli görnüşlerini ösdürmegi goldamagyň maksatnamasyny, 2020-nji ýyla çenli döwürde ýaşlaryň hyzmatdaşlygy hem-de syýahatçylyk ulgamyndaky strategiýasyny we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň howandarlygynda amala aşyrylan beýleki belli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň ýardam edendigini görkezmek bolar.

Ýerine ýetiriji komitetiň Başlygy GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bellenilýän ýylda Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň ýurtlary bilen bilelikde uruşda wepat bolanlaryň ýadygärligini ebedileşdirmek, harby-hakyda mirasyny saklamak, döwletlerimiziň ýaş raýatlarynda beýik Ýeňşe buýsanç we GDA halklarynyň gahrymançylykly däplerine hormat goýmak duýgularyny terbiýelemek babatynda durmuşa geçirýän işlerini belledi.

- Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň 9-njy maýynda Aşgabatda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýöriş aýratyn taryhy ähmiýete eýe boldy diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Ýerine ýetiriji sekretary aýtdy.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini nazara almak bilen, Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça tutýan orny hormatlanylmagyna mynasypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Sergeý Lebedew geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň, ÝHHG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Hususan-da, GDA-da döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň çäklerindäki işjeň ornuna ýokary baha berilýändigi bellenildi. Ýurdumyz energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek hem-de daşky gurşawy goramak ýaly wajyp meseleler boýunça dünýä ähmiýetli başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi.

Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýylynyň dowamynda Türkmenistan bu derejä esaslanýan syýasatyň hem-de onuň dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine gabat gelýändigini subut etdi. Bu BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky kararnamasynyň kabul edilmegi bilen tassyklanyldy.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy -Ýerine ýetiriji sekretary häzirki zaman dünýäsinde, halkara gatnaşyklarynyň çylşyrymly şertlerinde Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy çäklerde jedelli meseleleri we gapma-garşylyklary syýasy hem-de diplomatik serişdeler arkaly çözmäge gönükdirilen strategiýasynyň dünýäde ykrar edilendigini hem-de hormata mynasypdygyny belledi.

Jenap Sergeý Lebedew wideoýüzlenmesiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine üstünlikleri we täze belentliklere ýetmegi, zehinli hem-de zähmetsöýer türkmen halkyna bolsa abadançylyk, berk jan saglygyny hem-de bagt arzuw etdi.

Soňra Şanhaý Hyzmatdaşlyk GuramasynyňBaş sekretary Wladimir Norowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi .

ŞHG-niň Baş sekretary hormatly Prezidentimize we maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de forumyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallygyny beýan etdi.

Bitarap döwletiň hukuk derejesi Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ugur edinýänhem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny doly ýerine ýetirýän ýurt hökmünde halkara derejesinde abraýynyň ýokarlanmagyna we pugtalanmagyna ýardam berýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesini kabul etmegi netijesinde, çuňňur oýlanyşykly ynsanperwer häsiýetli syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik we howpniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berkidilmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Bu sözleriň tassyknamasy hökmünde W.Norow geçen ýyl “McKinsey Global Institute” halkara konsalting şereketiniň Türkmenistany dünýä ykdysady ösüşiniň durnukly depgininden öňde barýan, durnukly we tiz ösüşi üpjün edýän dünýäniň 18 ýurdunyň biri hökmünde ykrar edendigi baradaky mysaly getirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, döwletimiziň okgunly ösýändigi nygtaldy. Diňe şu ýylyň ilkinji 8 aýynda ýurdumyzyň JIÖ-niň möçberli geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3 göterim artdy, munuň özi ortaça dünýä derejesinden has ýokarydyr.

Bu gün Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüş maksatnamasyny hem-de 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirýändigi, ykdysadyýet we halk hojalygy ulgamynda birnäçe iri taslamalary amala aşyrýandygy bellenildi.

Döwlet gurluşygy işi çalt depginde ösdürilýär, ilatyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty içerki syýasatyň oýlanyşykly dowamy bolmak bilen, hemmişelik bitaraplyk halkara hukuk derejesi bilen kesgitlenilýär.

Wideoýüzlenmede bitaraplyk ýörelgeleriniň üýtgewsiz berjaý edilmeginiň Türkmenistana halkara toparlarynda ygtybarly, jogapkärli we yzygiderli hyzmatdaş hökmünde abraý getirendigi, onuň syýasatynyň gysga wagtlyk bähbitlere tabyn edilmeýändigi bellenilýär.

BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat ugry sebit hem-de halkara derejelerinde hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin we toplumlaýyn maksatnamalaryny bilelikde taýýarlamakda hem-de durmuşa geçirmekde öz oňyn beýanyny tapýar.

Wladimir Norowyň belleýşi ýaly, munuň özi halkara bileleşiginiň Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezini açmak baradaky çözgüdi bilen hem tassyklanylýar.Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy BMG-niň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda hem-de 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnamalary kabul etdi, bu resminamalar Bütindünýä guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan goldanyldy.

Çykyş edýän Türkmenistanda GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti we hökümet ýolbaşçylarynyň mejlisi, geçen ýyl geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumy ýaly iri syýasy çäreleriň örän ýokary derejede üstünlikli geçirilmeginiň türkmen tarapynyň häzirki zaman diplomatiýasynyň ähli talaplaryna we şertlerine mynasyp derejede taýýarlygyny tassyklaýandygyny belledi.

Biziň ýurdumyzyň goňşy Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly hem-de syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagyna işjeň ýardam berýändigi hem ŞHG-niň ýolbaşçysynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy, munuň özi Türkmenistanyň sebitde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.

Jenap Wladimir Norow dünýä derejeli hakyky wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde Türkmenistanyň Hökümetiniň bu howpuň milli ykdysadyýete ýetirýän oňaýsyz täsirlerini ýeňip geçmek boýunça netijeli çäreleri görýändigine, durnukly we yzygiderli ykdysady ösüşi üpjün edýändigine hem-de oňat netijeleri gazanýandygyna maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary sözüniň ahyrynda, parahatçylyk söýüji Türkmenistanyň geljekde hem oňyn bitaraplyk syýasatyny alyp barjakdygyna hem-de sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde öz hukuk derejesini peýdalanmak bilen, möhüm orun eýelemegini dowam etjekdigine berk ynam bildirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyňBaş direktory hanym Odre Azule hem maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesini iberdi.

ÝUNESKO-nyň baştutany hemmeler bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belleýändigine örän şatdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistan Bitaraplygyny yglan etmek bilen, öz taryhyndaadamzadyň umumy kökleriniň bir bölegi bolan halklaryň we medeniýetleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga baý bolan täze baby açdy.Bu taryh Merw, Nusaý hem-de Köneürgenç ýaly ajaýyp atlar, şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň beýleki desgalary bilen baglanyşyklydyr.

Ol däplerden hem-de nou-haulardan ybarat bolan ýurtlaryň janly mirasynda şöhlelenýär.Türkmen halyçylyk sungaty onuň nyşanydyr.Bu sungat geçen ýyl Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Hanym Odre Azuleniň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistan şol taryhyň dowamydyr, çünki parahatçylyga ygrarlylyk ýurt we sebit üçin uly ähmiýete eýedir. Hakykat ýüzünde, bitaraplyk derejesi dünýä aýgytly açyklygy şöhlelendirýär.

ÝUNESKO-nyň Baş direktory wideoýüzlenmesinde şu gün foruma gatnaşyjylaryň ählisi bilen birlikde, Türkmenistanyň, şonuň ýaly-da, ähli bitarap döwletleriň şu ýörelgelere ygrarlydygyny baýram etmäge gatnaşmak isleýändigini belledi. Olar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijesinde, raýdaşlyga, özara ynanyşmaga hem-de gatnaşyklara esaslanýan parahatçylyk medeniýetini döretmegiň üstünde işleýärler. Bu parahatçylyk medeniýeti ÝUNESKO-da hem-de beýleki köptaraplaýyn ulgamda seslenmä eýe bolýar.

Häzirki ählumumy kynçylyklar biziň özara baglanyşykly hem-de birek-biregiň goldawyna mätäç döwrümizde çözgütler özara tagallalaryň birleşmesinden ýa-da başga biriniň hasabyna ýerine ýetirilmezden kabul edilip bilmez. ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň belleýşi ýaly, howanyň üýtgemeginde hem-de bioköpdürlülikden tehnologik meselelere hem-de hemmeler üçin hil taýdan ýokary bilimi üpjün etmäge çenli adamzadyň gabat gelýän häzirki kynçylyklar taryhy meseleleri ýüze çykardy.

Bu kynçylyklar tutuş jemgyýete degişlidir. Şolara jogap bermek üçin, BMG-niň ulgamy tarapyndan döredilýän gepleşikler hem-de hyzmatdaşlyk üçin giňişligi peýdalanmak gerek.

Şonuň üçin hem ÝUNESKO Türkmenistanyň özygtyýarlyklaryndaky ähli ulgamlarda parahatçylyga ymtylmasyny goldaýar hem-de ygrarlylygy häzirki baýramçylykda tassyklaýar diýip, BMG-niň ýöriteleşdirilen esasy edaralarynyň biriniň ýolbaşçysy wideoýüzlenmesiniň ahyrynda belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly mejlisi d

Ýene degişli makalalar

Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy
12.12.2020 | Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy
Türkmen ilçisi ÝUNESKO-nyň Baş direktoryna ynanç hatyny gowşurdy
Wenesiýa ÝUNESKO-nyň howp astynda bolan obýektleriniň sanawyna girizilip bilner
Odre Azule ÝUNESKO-nyň baş direktory wezipesine gaýtadan saýlandy
Odre Azule ÝUNESKO-nyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy