Milli medeniýet- öçmejek sungat

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda medeniýeti we sungaty diňe bir durmuşuň bezegi bolman, eýsem, milletiň şahsyýetini, onuň bitewiligini saklap gelen iň uly güýçdir. Şonuň üçin hem ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýununda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni uludan bellenilýär.

Bu baýram mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem “Milli medeniýet - öçmejek sungat” atly sergi guraldy.Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýakup Annanurowyň “Kompozitor Daňatar Öwezow”, Çary Amangeldiýewiň “Şükür bagşy”, Aman Amangeldiýewiň “Bagşy Ökdirow”, Nyýazmyrat Dowodowyň “Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýew” şeýle-de Saparmämet Meredowyň “Sahy Jepbar, “Çary Täçmämmedow”, Iwan Ilýiniň “Magtymguly Pyragy”, Ahmet Hallyýewiň “Azady we Magtymguly” ýaly ajaýyp eserler sergilendi.

Sergimize medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdy.Toýlary goşa-goşadan gelýän türkmen halkymyzyň toýlary toýa ulaşsyn!Türkmen medeniýetine, sungatyna uly hormat goýýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de mähriban türkmen halkymyzy ýetip gelýän hünär baýramymyz bolan, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Ýene degişli makalalar

Asyrlaryň jümmüşine uzaýan bagşyçylyk däpleri
Asyrlaryň jümmüşine uzaýan bagşyçylyk däpleri
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygy bellendi
Türkmenfilmiň altyn sahypalary: Jadyly dür. Genje öwrülen film
Dessanlardan aýdyşyklar