MILLI MIRASYMYZ-GENJI HAZYNAMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň Bagt köşgi toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Milli Mirasymyzgenji hazynamyz ady bilen Bagt köşgi toý-dabaralary merkezinde aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we ösdürmek, medeni mirasymyza hormat goýmak ýaşlaryň arasynda giňden ýaýbaňlandyrylýandygy, türkmen halkyň özboluşly medeni-mirasy, däp-dessurlary bolup, geljekki nesillere ýetirmekde birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen topragynyň deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halylary, şaý-sepleri, zergärçilik, külalçylyk sungaty ýagny sungat derejesine göterilen senetçiligi, milliligi we özboluşlylygy bilen dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolýandygy barada çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

ATALAR SÖZI GEPLEŞIGI
Halkyň ruhy mirasy häzirki zaman ylmy barlaglarynyň beýanynda
Halkyň ruhy mirasy häzirki zaman ylmy barlaglarynyň beýanynda
USSAT KOMPOZITOR ESERLERIŇ NESILLERE GÖRELDE
KITAP WE KITAPHANA IŞI HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK
Maryda 'ahlak reýdleri' geçirildi, ýaşaýjylar polisiýany korrupsiýada aýyplaýar
Balkan topragynda Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna dabaraly çäreler geçirildi