MILLI MIRASYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň bilelikde gurnamagynda Milli mirasymyz atly söhbetdeşlik geçirildi we “Miras” teleýaýlymy bilen ýazgy edildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy öwrenmek, ony geljekki nesillerimize ýetirmek bilen baglanyşykly işler uly üstünliklere beslenýändigi hakynda aýtdylar. Şeýle-de, bu günki günde milli mirasymyzyň ähli görnüşleri ylmy esasda öwrenilip, gorap saklanylyp, dikeldilip hem-de ýaş nesillerimize wagyz edilýändigini, häzirki döwürde halkymyzyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen döwletimiziň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny, milli mirasymyzy, ýol-ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Şöhratly taryhymyza buýsanç
Dost- doganlyk söhbedi
Ylmy maslahat
UÇURYMLARYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLI MIRASYMYZYŇ WASPY
MOSKWADA ÝAŇLANAN DOSTLUK OWAZLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda