Milli nakgaşlyk mekdebiniň halypalary: Ýewgeniýa Adamowa

Ýewgeniýa Mihaýlowna Adamowa biziň gözümiziň öwrenişen nakgaşlaryna meňzemeýärdi: ol gara beret geýmeýärdi, üýtgeşik şarfam dakynmazdy, egninde äpet sumkasam bolmazdy. Adaty adamlar ýaly geýnerdi, sypaýylygy, agraslygy we äwmezekligi bilen ol lukmana ýa-da mugallyma meňzeýärdi. Ýöne onuň bu daşky sypaty ýalňyşdyrýardy, sebäbi Ýewgeniýa Mihaýlowna Hakdan içen nakgaşdy.

Ol 1913-nji ýylda Orýol guberniýasynyň Liwny şäherinde bank gullukçysynyň maşgalasynda dünýä inýär.Gyzjagaz surat çekmegi bar zatdan gowy görýärdi.Emma arzuwyna birbada ýetäýmedi.Maşgalada onuň surata gyzykmagyny halap duranokdylar.

Ata -enesi onuň durnukly gazançly, gerekli zenan hünärini“ edinerini isleýärdiler, onuň lukman ýa-da mugallym bolmagyny höwes edýärdiler.Ata-enesiniň garşysyna gitmäge ýürek etmedik Ýewgeniýa Mihaýlowna Harkowyň mugallymçylyk tehnikumyny tamamlap, birnäçe ýyl başlangyç synp mugallymy bolup işleýär.

1932-nji ýylda onuň kakasyny Aşgabada işe geçirensoňlar olaryň maşgalasy bu ýere göçüp gelýär. Bu ýerde ata-enesiniň talaby bilen Ýewgeniýa Mihaýlowna lukmançylyk institutyna okuwa girýär. Ýöne okuwyň üçünji ýylynda gowy okasa-da, instituty taşlap, Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik ýötüte orta okuw mekdebine girýär.

Ol 22 ýaşynda reňkleri bilen sungat eserleriniň döreýşiniň syrly dünýäsine aralaşmak üçin ahyrsoňy öz halaýan döredijiligne başlaýar.Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Türkmenistanyň nakgşalygyna Gennadiý Babikowyň, Muzafar we Ýuliýa Daneşwarlaryň, Iwan Çerinkonyň täsiri uly bolupdy, olar milli çeperçilik mekdebiniň gözbaşynda durupdylar.

Sosialistik realizm akymy žiwopisde esasy ugurdy, zähmet gahrymaçylyg bolsa esasy mowzukdy.Döwrüň talaby şeýledi, onsoň ýaş nakgaşlar ýetginjek hyjuwy bilen geljekki eserleriniň suduryny çekýärdiler.Talyp gyz Adamowa üçin bu zatlar kyn däldi.

Kän wagt geçmän Ýewgeniýa Mihaýlowna öz mugallymy Iwan Çerinko bilen durmuş gurýar.Nakgaş hökmünde Iwan Iwanowiç žiwopisde akademiki usulda çekerdi.Ol ussat manzarçy we portretçidi.Onuň stanok eserleri kändir, olaryň bir bölegi Çeperçilik sungaty muzeýinde, bir bölegi muzeý gaznalarynda saklanýar.

Ol öz bilýän zatlarynyň köpüsini okuçysy hem söwer aýaly Adamowa öwredipdi.Olar bagtlydylar: Iwan Iwanowiç durmuşda-da, döredijilikde-de Ýewgeniýa Mihaýlownanyň ýakyn dostydy, olam adamsy babatda şeýledi.

Ýöne olaryň bagtly durmuşy uzaga çekmedi, 1948-nji ýylyň ýr titremesi bagtyýar iki nakgaşyň ýaşaýan toýundan gurlan tamynyň diwarlaryny weýran edipdi, olar pürsleriň aşagynda galypdy.Birsellem olar özara gürleşýärdilerem, emma irden Iwan Iwanowiç aýalynyň sowallaryna jogap bermesini goýdy...

Howa ýagtylandan Ýewgeniýa Mihaýlownanyň dogany awiator Georgiý weýran bolan öýüň içinden doganyny we onuň wepat bolan adamsyny çykardy.Adamowany uçar bilen Bakuwa ugratdylar.

Eli-aýagy döwlen nakgaşa gözegçilik edýän bakuwly lukman oňa göwrelidigini habar berdi. Ol kän garaşdyran arzyly habardy. Tebigy bela adamsyndan jyda düşürse-de, oňa enelik bagtyny eçilipdi, bu-da oÝewgeniýa Mihaýlowna durmuşa we çeperçilik sungatyny dowam etmäge höwes döredipdi.

Nakgaş Adamowa žiwopisde sosialistik realizm akymynyň görnükli wekilleriniň biridi.Ol köpsanly saparlarynda türkmen halkynyň gylyk-häsiýetini we durmuşyny aňynadyr ýüregine siňdirip, soňra olary reňkler arkaly beýan etmäge ussatdy.

Oňa sözüň doly mahysynda üýtgeşik nakgaş diýse boljak, çünki ol däp-dessurlaryňdyr maşgala durmuşynyň özboluşlyklaryny inçelik bilen syzmaga ussatdy, gahrymanlarynyň gujur-gaýratyny onuň ýaly inçelik bilen duýmak her bir türkmen nakgaşyna başardýan däldir.

Ýewgeniýa Adamowanyň Näme bolsa-da--okajak“ atly suraty ony tutuş ýurda tanatdy. Onda eýýamlaryň we gazaply durmuş ýörelgelriniň dartgynly döwründe kakasynyň mekdebe gatnamagyna garşy bolýan wagty oňa gulak asman okuwa gidýän ýetginjek gyz barada gürrüň berilýär. Ýewgeniýa Mihaýlownanyň özi doly düşünmese-de, ol türkmen zenanlarynyň durmuşynda täze eýýamyň nyşany bolan eser döredipdi.

Adamowanyň eserleri döwrüň ruhuny açyp görkezýär. Olaryň biri-de Täze aýdym“ eseriniň baş gahrymany zenan bagşydyr. Ol hem akademiki usulda çekilipdir, onda Iwan Iwanowiçiň täsiri duýulýar.

Türkmen zenanlary-Watana“ eserinde Ýewgeniýa Mihaýlowna goranmak gaznasyna gymmatly şaý-seplerini we ýyly eşikleri tabşyran enelerimiziň gahrymançylgyny müdimileşdiripdi.Döwrüň dargynlylygyny we ýowuzlygyny has-da güýçlendirýän gyzyl fonda zenanlaryň dördüsi kabul ediş nokadynda nobata durlar-- olaryň ýüz keşbi has üýtgeşik: agras, gaýduwsyz, ejirli görünýär.

Olar ozaldan gelýän däbe görä nesilden-nesle geçip gelýän kümüş şaý-seplerini aýap saklamalydgyna gowy düşünse-de, Ýeňşiň hatyrasyna gymmatly bezeglerininden jyda düşmäge taýýar.

Ýewgeniýa Mihaýlownanyň ýene bir belli eseri Sagymçylar“ diýlip atlandyrylýar.Gujurly ýaş zenalaryň dördüsi ir säherden ferma tarap keýpiçag ugrapdyr. Ýöne adyna garamazdan, surat olaryň käri barada däl-de, eýsem ýumşak reňklerde beýan edilen zenan gözelligi barada.

1-nji sentýabr“ atly eserinde Adamowa kiçijik gyzjagazyň durmuşyndaky möhüm wakany inçelik bilen şekillendiripdir. Ejesi täzelige we gyzykly durmuşa höwesek balasyny mekdebe ugradýar. Ondaky mähirdir päk duýgulary göreniňde ýylgyranyňy duýman galýarsyň.

Ýewgeniýa Adamowanyň her bir işi kämillik derejesine ýeteipdir. 1964-nji ýylda ol Türkmenistanyň halk nakgaşy adyna mynasyp boldy, 1968-nji ýylda bolsa oňa Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berildi. Ol Wera Gyllyýewa, Wladimir Bagdasarýan, Selim Amangeldiýew, Kamil Waliahmedow ýaly beýleki ýaş žiwopisçilere bilýänini gaýgyrman öwretdi. Ýewgeniýa Adamowa türkmen medeniýetinde yz galdyran öz döwrüniň güýçli nakgaşlarynyň biridir.

Ýene degişli makalalar

Ýewgeniýa Adamowanyň suratlarynyň biriniň döreýşi
Mekdep mowzugy türkmen nakgaşlarynyň döredijiliginde giňden beýan edilendir
Çeperçilik sungaty muzeýiniň Nowruza bagyşlanan sergisi tomaşaçylarda baýramçylyk ruhuny oýarýar
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Ýaşyl tugum al-asmanda pasyrda! atly sergisi
Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň we heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýewiň döredijilik sergisi
Jandan eziz Watanym!