Milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurduň edebiýat ugry hem ýokary depginler bilen ösdürilýär.Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň ösmeginde Gündogar edebiýatynyň, şol sanda pars edebiýatynyň hem uly ähmiýeti bar.

Taryhyň dürli döwürlerde türkmen-pars edebi şahsyýetleriniň özara ysnyşykly gatnaşyklary iki halkyň edebiýatynyň ösmegine uly täsir edipdir.Türkmen edebiýatynyň başga halklaryň edebiýaty bilen arabaglanyşygyny ýüze çykarmakda pars edebi dili aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmen nusgawy edebiýatynda arap, pars dilleriniň ulanylmagy halklaryň özara arabaglanyşygynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.Türkmen-pars halklarynyň asyrlaryň dowamynda goňşuçylykda ýaşamaklary, olaryň her taraplaýyn aragatnaşyk etmekleri bularyň arasynda içgin edebi hyzmatdaşlygyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr.

Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy, türkmen halkynyň ruhy beýikligi Magtymguly Pyragy, takmynan, 1724-nji ýylda Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar.

Ol başarjaň terbiýeçi, wagyz-nesihatçy, filosof-gumanist şahyr bolup, ömrüniň dowamynda halky agzybirlige we jebislige çagyrypdyr.Magtymgulynyň goşgular diwany türkmen halky üçin aýratyn ähmiýеte eýe bolup, türkmeniň her bir maşgalasynda onuň kitaplarynyň bir nusgasynyň saklanýandygyny görmek bolýar.

Türkmen edebiýatynda Magtymgulynyň döredijiligi aýratyn orun eýeleýär.Pars dili we edebiýaty boýunça eýranly alym Muhammet Aly Jemalzadeniň aýdyşy ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň Ferdöwsisidir, çünki ol türkmen edebi diliniň düýbüni turmakda uly işleri bitiren aryf-akyldardyr.

Türkmeniň beýik şahyry eserlerinde ynsanyň ahlak häsiýetlerini we sypatlaryny giňişleýin beýan edip, ynsanyň öz-özüni kämilleşdirmegi üçin ýaramaz gylyklary terk etmegi ündeýär.Magtymguly sözüň güýji, gudraty bilen halky asylly işlere çagyrýar.

Akyldar şahyr adamlary ak ýürekli bolmaga, gahar-gazapdan, ikiýüzlülikden we men-menlikden daşda durmaga çagyrýar.Pyragy tekepbirligiň we men-menligiň adamy ýaramaz ýagdaýlara duçar edýän häsiýetdigini öňe sürýär.

Mundan başga-da, Magtymguly Pyragy däp-dessurlara, ahlak ýörelgelerine we gymmatlyklara, ynsan mertebesine sarpa goýup, bu ýörelgeler onuň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle hem Magtymguly Pyragy öz zamanasynda daglary, ümmülmez sähralyklary, tebigatyň gözelliklerini çeper beýan edýän şahyr hökmünde hem tanalýar.

Ol tebigaty içgin synlaýan, ony düýpli öwrenýän şahs bolupdyr.Haýyr-sahawat, yzzat-hormat, edep-ekram, myhmansöýerlik, sahylyk, şeýle-de parahatçylygy, dostlugy we agzybirligi saklamak Magtymguly Pyragynyň eserleriniň özenini düzüp, bu halatlar onuň ýörelge edinen ruhy aýratynlyklary bolupdyr.

Pyragy edebiýat äleminde Nyzamy, Nowaýy, Rumy, Fizuly, Rudaki ýaly ägirtlere eýerip, türkmen halkynyň nusgawy edebiýatyny, milli şygryýetini dünýä ýaýdy. Türkmenistanyň

Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň – milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr, watançylyk we ynsanperwerlik ideýalarynyň hem-de ahlak gymmatlyklarynyň beýik waspçysydyr.Türkmen diliniň taryhy eýýamlaryň uzak jümmüşinden gözbaş alyp, biziň döwrümize gelip ýetendigine, onuň göwrümüniň şeýle giň bolandygyna, oňa pars diliniň we edebiýatynyň uly täsiriniň bolandygyna dürli alymlaryň ylmy işleri şaýatlyk edýär. Şahyryň asyrlaryň paýhasyny özünde saklaýan şygyrlar diwany biziň halklarymyzy baglanyşdyryp, olaryň ýüreklerinde orun alýar.

Hafyz, Saadi, Möwlana, Senaýy ýaly Gündogaryň şahyrlarynyň hem goşgularynda däp-dessurlary hormatlamak we ynsan mertebesini goramak ýaly mowzuklara gabat gelmek bolýar.Olaryň goşgularyny okanyňda her şahyryň geografik taýdan dürli ýerlerde ýaşandygyna garamazdan, medeniýetimiziň umumy gymmatlyklaryny beýan etmekde meňzeşlikler bolup, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen milli däp-dessurlara, asylly we päk ahlak ýörelgelerine deň derejede ähmiýet berendigine göz ýetirýärsiň.

Şahyr ylmy çuňňur öwrenmek maksady bilen Hywada, Buharada okaýar, şeýle-de Owganystan we Hindistan ýaly ýurtlara syýahat edýär.Maglumatlara görä, ol Idris baba, Gögeldaş, Şirgazy ýaly öz döwrüniň ösen medreselerinde sapak alyp, ýokary bilime eýe bolýar. Öz döwrüniň güýçli alymy bolup ýetişen Magtymguly şerigatdyr tarykat ylymlaryndan uly paý alyp, ähli hikmetleri we aýat-hadyslaryň manylaryny arassa türkmen dilinde şygra geçirmegiň hötdesinden gelýär.

Magtymguly Pyragynyň we onuň kyblasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähi Eýranyň Türkmen sähra sebitiniň Marawadepe etrabynyň Aktokaý obasynda ýerleşýär. Bu aramgäh kümmet-howuzly binägär Annamämmet Nyýazynyň taslamasy esasynda 1999-njy ýylda bina edildi.

2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny Türkmenistanda ýokary derejede guramaçylykly bellemek göz öňünde tutulýar. Aşgabadyň günorta böleginde tebigy belentlikde beýikligi 60 metr, binýady 25 metr bolan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi guruldy. Şeýle hem soňky ýyllarda ussat şahyryň eserler ýygyndysy birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilip, neşir edildi we olaryň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň iki jiltlik ýygyndysyny sowgat hökmünde iberdi.

Bu ajaýyp, gymmatly sowgadyň gelip gowuşmagy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi.Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler iki ýurduň medeni hyzmatdaşlygynda täze taryhy sahypany açar.

Nawid Rasuli,

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi.

Ýene degişli makalalar

Akyldaryň okan mekdebi
Täjik edebiýaty
Üç asyrdan bäri saýraýan bilbil
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Magtymguly Pragy