
Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýannama görä Prezident Mirziýoýew ýurdunda saparda bolýan Milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşdy.
Beýannama görä Güler Prezident R.T.Erdoganyň salamyny we gowy arzuwlaryny Mirziýoýewe ýetirdi.
Mirziýoýewiň 5-6-njy iýunda paýtagt Ankara guran saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň çäginde Özbegistan bilen Türkiýäniň arasyndaky giň gerimli strategik ýaranlygyň çuňlaşdyrymagy bilen bagly ugurlar hem ara alynyp maslahatlaşyldy.
Ministrlikleriň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi, bilelikdäki çäreleriň guralmagy, harby hünärmenleriň tälimi we beýleki ugurlar bilen bilelikde harby hem-de harby-tehniki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli meseleler seljerildi.
Howpsuzlyk meseleleri bilen terrorizme we radikalimze garşy göreş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi hem-de ugtagşyklygy bilen bagly meselelere garalan duşuşykda Owganystandaky ýagdaý, sebitleýin parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça hem pikir alyşyldy.