Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary tutuşlygyna diýen ýaly ozalky düzümde galdyryldy

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary tutuşlygyna diýen ýaly ozalky düzümde galdyryldy

5-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly maslahat geçirdi. Ýolbaşçylaryň aglaba bölegi ozalky wezipelerinde galdyryldy, diňe Merkezi bankyň başlygy, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Türkmennebit döwlet konserniniň ýolbaşçylary täzelendi.

Şunlukda, Toýly Öwezgulyýewiç Mälikow Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Döwletgeldi Annabaýramowiç Amanmuhammedow Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary — Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän Guwanç Welinazarowiç Agajanow bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary bilen,

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň 28-sini wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek boýunça resminamalara gol çekdi
Türkmenistanda Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy täzelendi
Statatistika baradaky döwlet komitetine täze ýolbaşçy bellenildi
Indi 'iň az sanlysy däl': Türkmenistan ilatynyň 7 milliondan geçendigini öňe sürdi
'Ynanyp-ynanmazlyk' ýönekeý adamlary gyzyklandyrmaýar-syýasaty öwreniji ilat ýazuwynyň netijeleri barada