Minnihanow Akdus alabaýyny baýramçylyk gezelenjine çykardy

Minnihanow Akdus alabaýyny baýramçylyk gezelenjine çykardy

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Telgram sahypasynda türkmen alabaýy Akdusyň suratyny paýlaşdy. Wepaly alabaýy bilen gezelençlerinden täsirli suratlary sosial sahypalarynda yzygiderli ýerleşdirýan R.Minnihanow nobatdaky suratyna: Ahyrsoňy Akdus ikimiz tokaýa gezelenje çykdyk. Biz dynç alýarys. Ol hem güýz paslynda tokaýyň howasyny gowy görýär diýen ýazgyny ýazdy.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Akdus bilen şu gün gezelenje çykmagynda we onuň suratyny muşdaklary bilen paýlaşmagynda aýratyn many bar. Şu gün Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Akdusuň suratyna onuň dürli sebitlerdäki muşdaklary hem gutlag sözlerini ýazdylar, bäsleşiklerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Ozal ýatladyşymyz ýaly, onuň ady tatarça bolup, türkmen diline terjime edilende Ak dost diýen manyny berýär.Akdus heniz kiçijek güjük mahaly, 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlipdi. Şu ýylyň başynda Akdus Merkezi Aziýa owçarkasy diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar
Rustam Minnihanow Serdar Berdimuhamedowa “Duslyk” ordenini gowşurdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞDY
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki döwletleriň arasyndaky arkalaşyk etaby
Putin Tatarystanyň Baştutanyny sylaglady