Mir24 Arkadag şäherine aýratyn rubrikany bagyşlady, Türkmenistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan sport festiwaly geçirildi, 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistan milli ýygyndysynyň bäsdeşleri kesgitlenildi we beýleki habarlar

Mir24 Arkadag şäherine aýratyn rubrikany bagyşlady, Türkmenistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan sport festiwaly geçirildi, 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistan milli ýygyndysynyň bäsdeşleri kesgitlenildi we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Mir döwletara teleradio kompaniýasynyň internet portaly Türkmenistanyň täze Arkadag şäherine aýratyn rubriany bagyşlady. Arkadag akylly şäher atly rubrikada özboluşly şäheriň döredilmeginiň taryhy, birinji tapgyryň gurluşygy we açylyş dabarasy barada maglumatlary tapyp bolýar. Şeýle hem bu ýerde şäheriň möhüm wakalary we işleri barada maglumatlar ýerleşdirilendir. Ýatlatsak, ilkinji akylly Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy 29-njy iýunda geçirilipdi.

2. Aşgabadyň Ertekiler dünýäsi seýilgähinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan ilkinji saglyk festiwaly geçirildi. Bu çärä dürli sport federasiýalaryndan 60 töweregi çaga gatnaşdy. Festiwalyň maksady çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden, dürli sport görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş türgenleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden we sporta bolan gyzyklanmany ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

3.Türkmenistanyň wekilleri Sinszýanda geçirilýän “Geljege köpri” atly Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy ýaşlary üçin okuw we alyş-çalyş ýygnanyşygyna gatnaşýarlar.Bu foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisinden ýaşlar guramalarynyň 30-a golaý wekili, şeýle hem oba hojalygy we medeniýet ulgamlaryndan hünärmenler gatnaşdylar.

Bu çäräni geçirmek başlangyjy HHR-niň Prezidenti Si Szinpin tarapyndan geçen ýylyň ýanwar aýynda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Sammitde öňe sürlüpdi.

4.Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň resmi web sahypasy işe girizildi.nic.gov.tm web sahypasynda Innowasiýa maglumat merkeziniň wezipeleri, Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýanyň düzgünleri, daşary ýurtlarda berlen bilim resminamalaryny ykrar etdirmegiň tertibi, daşary ýurtlarda ýa-da türkmen ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin haýsy resminamalaryň gerekdigi, bilim pudagynda hereket edýän halkara şertnamalar hakynda we başga-da köp sanly maglumatlary tapmak mümkindir.

5.Türkmen mekdep okuwçylary Sýurihde geçirilen Halkara himiýa olimpiadasynda dört medala bir kümüş we üç bürünç medala mynasyp boldular.Ders olimpiadasy 89 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan 348 sany ýokary synp mekdep okuwçysyny bir ýere jemledi.

Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, geljekki himiklere aýratyn ähmiýet berilýär, çünki olaryň bilimleri geljekde howanyň üýtgemegine ýa-da energiýa ýetmezçiligine garşy göreşmäge kömek eder. 56-njy Halkara himiýa olimpiadasy 2024-nji ýylyň iýul aýynda Saud Arabystanynda geçiriler.

Dünýäde

6. Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň tomaşaçylary ýaryşlara gaýtadan işlenen plastik oturgyçlarda tomaşa ederler. Şeýle oturgyçlaryň jemi 11 müň sanysyny gurnamak meýilleşdirilýär, olary taýýarlamak üçin Parižiň zibil gutularyndan ýygnan 100 tonnadan gowrak gaýtadan işlenen plastik gere bolar. Galyndylar ilki gyryndylara öwrüler, soňra gyzdyrylar we ýörite şekillerdäki galyplarda basyş arkaly taýýarlanar. Şeýle oturgyçlary gurnamak işi şu ýylyň güýzünde başlanar.

7.ABŞ-da her ýylda geçirilýän Ernest Hemingueýe meňzeşleriň bäsleşigi geçirildi.Bu ýyl Wiskonsin şäherinden 68 ýaşly Garrit Marşal ýeňiji boldy.Bäsleşik ýazyjynyň gowy görýän bary Sloppy Joe's Bar-da geçirildi.

Oňa meşhur ýazyja meňzeýän 140-a golaý sakgally adam gatnaşdy.Olar Nobel baýragynyň eýesiniň diňe bir keşbini däl, eýsem, geýnişini, sözleýiş usulyny hem meňzetmeli boldular.Bäsleşigiň emin agzalary geçen ýyllaryň ýeňijilerinden ybarat boldy.

Sport habarlary

8.Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň ikinji tapgyryny öz meýdançasynda Özbegistan toparyna garşy duşuşyk bilen başlaýar.Bu duşuşyk 16-njy noýabrda geçiriler. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň ikinji tapgyrynyň bije çekişliginiň netijelerine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysy E toparça düşdi we onda Eýranyň, Özbegistanyň toparlary, şeýle hem birinji saýlama tapgyryndaky Gonkong Butan jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň ikinji saýlama tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy jemi alty oýun oýnar şu ýylyň noýabr aýynda iki duşuşyk, şeýle hem indiki ýylyň mart we iýun aýlarynda ýene dört duşuşyk geçirer.

9.Ahal Saud Arabystanyndan Al-Feýsali topary bilen geçirilen dostluk duşuşygynda 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýurduň çempionynyň düzüminde Elman Tagaýew dubl bilen, toparyň täze oýunçysy Alibek Abdyrahmanow bir gol bilen tapawutlandylar.

Ondan öň Ahal Türkiýedäki türgenleşik ýygnanyşynygyň çäklerinde bir dostluk duşuşygyny geçiripdi.Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki baş tälimçisi Ante Mişäniň ýolbaşçylygyndaky Al-Adalak bilen deňme-deň oýnady. Ýatlatsak, Ahal Kartepe şäherinde AFK Çempionlar ligasyna gatnaşmaga we futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň häzirki möwsüminiň täze tapgyryna taýýarlyk görýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
Ärdogan bilen Şi Jin pingiň arasynda telefon söhbetdeşligi
Täze nebit-gaz ýatagy
Merkezi Aziýadan Hytaýa 39 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
04.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl