Mirziýoýew Serhetlerden Şahsyýetnama Bilen Geçilmegini Teklip Etdi

Mirziýoýew Serhetlerden Şahsyýetnama Bilen Geçilmegini Teklip Etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Orta Aziýa döwletleriniň arasynda serhetlerden şahsyýetnama bilen geçilmegini teklip etdi.

Astanada geçirlen Orta Aziýa ýurtlarynyň döwlet Ýolbaşçylarynyň VI maslahatyna gatnaşan Mirziýoýew, syýahatçylygyň sebitleýin hyzmatdaşlyga itergi berjekdigine ünsi çekdi.

Prezident Mirziýoýew, “Bir gezelenç-tutuş sebit” ýörelgesine laýyklykda syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegini teklip etdi.

Özbegistanyň Prezidenti, soňky 6 ýylda Orta Aziýa döwletleriniň käbir kynçylyklaryň çözülmegi meselesinde arkalaşykly hereket edýändigini, söwda, maýa goýum, syýahatçylyk ýaly ugurlarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalara laýyklykda serhetlerden şahsyýetnama bilen geçilmeginiň möhümdigini belledi.

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Gyrgyzstan bilen Özbegistanyň arasynda şuňa muňzeş ulgama geçildi. Iki ýurduň raýatlary pasportlaryň ýerine şahsyýetnamalary bilen serhetden geçýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Wekiliýeti Türkmenistanda Saparda Boldy
Azatlyk - türkmenleriň 'öz sesi' 70 ýaşady
Russiýa we Hytaý dialog çagyryşyny berdiler
Arkadag şäherini BSGG-niň Sagdyn şäherler taslamasynyň ulgamyna goşmak teklip edildi
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ TÄZE ÇAGYRYLYŞYNYŇ BIRINJI MASLAHATYNA GATNAŞDY
Anyk Teklip HJ alýuminiden, plastikden we berk aýnadan dürli görnüşli önümleri öndürýär
MHM işgäri azyk paýlaryny ýatyrmak teklibine garşy çykan mekdep garawulyny ýygnakdan kowdy