Möhüm seneleriň öňüsyrasynda, welaýat ýaşaýjylary Aşgabatdan kowulýar

Möhüm seneleriň öňüsyrasynda, welaýat ýaşaýjylary Aşgabatdan kowulýar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününiň hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, türkmen paýtagty içerki migrantlardan arassalanýar. Aşgabadyň polisiýa bölümleriniň 27-nji awgustda paýtagtdaky içerki migrantlara garşy geçiren reýdlerinde 500 töweregi welaýat ýaşaýjysy saklanyp, Aşgabadyň etegindäki wagtlaýyn gabawhana eltildi.

Aşgabat möhüm seneleri we iri baýramçylyklary uly dabara bilen belleýär we şeýle çäreleriň fonunda, paýtagtdaky içerki migrantlar elmydama güýç edaralarynyň nyşanasyna öwrülýär.

Welaýatlardaky ýaramaz ýaşaýyş-durmuş şertleri we giň ýaýran işsizlik sebit ýaşaýjylaryny eklenç gözleginde paýtagta süýşmäge iterýär. Ýöne olar iri baýramçylyklaryň öňüsyrasynda köplenç paýtagtyň polisiýasy tarapyndan özleriniň hemişelik ýaşaýan sebitlerine mejbury ugradylýar.

“Şu günler Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk, Arçabil, Köpetdag we Azatlyk etraplarynyň polisiýa işgärleri welaýatlardan gelip, Arkadag we Aşgabat şäherlerindäki gurluşyk firmalarynda zähmet çekýän ýa-da Altyn asyr’ gündogar bazarynda işleýän sebit ýaşaýjylaryna garşy reýd geçirýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy awgustda paýtagtdan habar berdi.

Polisiýa reýdleri esasan sebit ýaşaýjylarynyň Aşgabatda propiskasyz wagtlaýyn ýaşaýan sebitlerinde, “Hitrowka”, Köşi we Bekrewe ýaly ýaşaýyş toplumlarynda, içerki migrantlaryň köplük bolup ýaşaýan sebitlerinde geçirilýär.

“Aşgabadyň polisiýasy eklenç gözleginde welaýatlardan gelip, paýtagtda zähmet çekýän raýatlarymyza, hamala, Türkmenistanyň raýaty däl ýaly, keseki ýaly, agyr jenaýatçylar ýaly çemeleşýär. Polisiýa işgärleri içerki migrantlary gaty kemsidýär, olara gödek we paýyş sözleri aýdýar” diýip, reýdlerden habarly bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Polisiýa tarapyndan tutulan içerki migrantlar ilkibaşda Arzuw şäherçesinde ýerleşýän wagtlaýyn gabawhana alnyp gidilýärler, ol ýerde iki gije-gündiz töweregi saklanyp, soňra öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýarlar.

Içeri işler ministrligine degişli “Arzuw” gabawhanasy nobatdaky “migrant kowalamak” möwsüminde paýtagtdaky wagtlaýyn işçileriň arasynda “Aşgabadyň deportasiýa merkezi” adyna eýe bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan içerki migrantlaryň ençemesi güýçlendirilen polisiýa reýdleriniň paýtagtyň köçelerinde gije-gündiz alnyp barylýandygyny we ele salnan welaýat ýaşaýjylarynyň köne awtobuslarda öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýandygyny aýdýarlar.

Geçen hepdäniň dowamynda türkmen paýtagtyndan kowlup çykarylan we “Altyn asyr” gündogar bazarynyň satyjysy bolan Çärjew etrabynyň bir ýaşaýjysy, orta ýaşlaryndaky zenan maşgala Aşgabatda içerki migrantlara garşy yglan edilen basyp ýatyrmalarda özüniň duçar bolan agyr tejribesini paýlaşýar.

“Bizi Arzuwdaky gabawhanada iki gün saklap, pasportlarymyzy ýaşaýan etrabymyza ugradypdyrlar. Etrabymyzdan bir polisiýa işgärini çagyryp, bizi köne awtobusa ýükläp Aşgabatdan alyp gaýtdylar. 15 oturgyçly awtobusa 48 adam ýüklediler. Bu şeýle bir kemsidiji, şeýle bir agyr degdi. Öz ýurdumyzda bize keseki ýaly çemeleşýärler” diýip, lebaply ýaşaýjy gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtda içerki migrantlara garşy yglan edilen basyp ýatyrmalara gatnaşýan bir polisiýa işgäri bilen gürrüňdeş bolup, alnyp barylýan tutha-tutlugyň käbir jikme-jikliklerini öwrendi.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde ady Ilgeldi diýlip tutulýan paýtagtly bir polisiýa ofiseriniň sözlerine görä, Içeri işler ministrligi “bikanun içerki migrantlara garşy yglan edilen reýdlerde” ele salnan her bir welaýat ýaşaýjysy üçin 85 manat pul baýragyny goýupdyr.

“Aşgabatda bikanun welaýat ýaşaýjysyny tussag eden polisiýa işgärine [Içeri işler ministrligi] 85 manat möçberinde pul baýragyny wada berýär. Şol sebäpden şäheriň polisiýa işgärleri gije-gündiz Aşgabatda welaýat ýaşaýjylaryny awlaýar.

Bir adam tutsaň 85 manat, 10 adam tusaň 850 manat, 100 adam tutup getirseň 8500 manat goşmaça gazanç bolýar.Bu az pul däl” diýip, paýtagtly polisiýa ofiseri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji sentýabrda 42 ýaşyny doldurýar, şeýle-de Türkmenistan 27-nji sentýabrda garaşsyzlygyň 32-nji ýyl dönümini belleýär.

"Watan diňe halky bilen watandyr” şygary bilen döwlet ýolbaşçysy wezipesine girişen prezidentiň doglan gününiň öňüsyrasynda, sebit ýaşaýjylaryna häkimiýetler tarapyndan rowa görülýän basyşlar, çäklendirmeler we zulumlar türkmen hökümetiniň öz halkynyň aladalary bilen içgin gyzyklanyp-gyzyklanmaýandyklary barasynda synçylarda sorag döredýär.

Welaýatlardaky ýaramaz ýaşaýyş-durmuş şertleri we giň ýaýran işsizlik sebit ýaşaýjylaryny eklenç gözleginde türkmen paýtagtyna göçmäge iterýär. Türkmen häkimiýetleri ýurduň çäginde propiska düzgünini saklap galýar. Galyberse-de, ýurtda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklar ýurt raýatlaryny iş-eklenç gözleginde köpçülikleýin häsiýetde daşary ýurt döwletlerine çykmaga-da mejbur etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

COVID çäklendirmelerine garamazdan, Berdimuhamedowyň garyndaşlary bilen ilteşikli kafe, restoranlar işlemegini dowam edýärler
Aşgabatda hökümete garşy geçirilen köpçülikleýin protestler 27 ýaşady
Aşa yssy howada ilatyň elektrik üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär
Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar
Çärjewde ýasalan partlaýjynyň partlamasynda üç adam öldi, iki adam el-aýagyny aldyrdy
Çärjewde ýasama partlaýjynyň partlamasynda ölenleriň sany 4-e ýetdi; 36 adam ýaralandy