Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Ozal habar berşimiz ýaly, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrýar. Bu onuň Türkmenistana ilkinji döwlet saparydyr.

Mongol Lideriniň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, şu gün iki ýurduň arasynda giňeldilen düzümdäki gepleşikler we metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etmek tamamlanansoň, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.

Soňra bu ýerde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Ýene degişli makalalar

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy
Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MONGOLIÝA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
Gazagystanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Mongoliýa barar
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary