Moskwa Gazagystanyň kömegi bilen sanksiýalardan sowulmak isleýärmi? Merkezi Aziýa Russiýadan ýüz öwürýärmi?

Moskwa Gazagystanyň kömegi bilen sanksiýalardan sowulmak isleýärmi? Merkezi Aziýa Russiýadan ýüz öwürýärmi?

Russiýa Gazagystanyň demirgazyk goňşusy bilen gatnaşyklaryna "täzeden garamagyny", hatda Moskwa babatynda berk pozisiýa alyp barmagyny isleýär, sebäbi sanksiýalardan geçmek üçin, şeýle "tüsse perdesi" zerur diýip, Günbatar metbugaty ýazýar. Şeýle hem metbugat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Moskwadan ýüz öwrüp biljekdigini seljerýär, şol wagtyň özünde, Hytaýyň awtoulag önümleriniň Gazagystanda barha artýan meşhurlygy barada ýazýar.

RUSSIÝA GAZAGYSTANY DAŞARY ÝURT HASAPLAMAK ISLEÝÄRMI?

Russiýa öz bähbitlerini göz öňünde tutup, integrasiýa birleşmelerinden (Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi we Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy) daşlaşyp barýany üçin, Moskwa Nur-Sultany “dönük” hökmünde görkezmäge synanyşýar diýip, syýasatşynas Ahas Täzutow geçip barýan hepdede Eurasia review neşirinde ýazdy. Bilermeniň pikirine görä, Günorta goňşusynyň garaşsyzlygy barada ýalan gürrüňler döretmek we köpçülige haýbat atmak bilen Moskwa özüne garşy girizilen sanksiýalardan dynmak isleýär.

Awtoryň pikirine görä, Kremliň esasy maksady Gazagystany “beýleki bir Belarusa” öwürmek we ony “bileleşik döwletine” çekmek. Ýöne häzirki wagt integrasiýa üçin amatly pursat däl, şonuň üçin Russiýa beýleki meselelere geçdi diýip, Täžutow belleýär.

Ilki bilen olar harytlary import etmekde, iki taraplaýyn gatnaşyklar arkaly Gazagystanyň kömegi bilen sanksiýalardan gizlenmek üçin, nähilidir bir "tüsse perdesini" döretmäge çalyşýar.Ikinjiden, Moskwa häkimiýet ugrundaky bäsdeşligi azaltmak we şeýlelik bilen dolandyryjy režime ýardam etmek üçin, Gazagystanda alternatiw güýçleri gowşatmaga gönükdirilen ünsi başga ýana sowujy propaganda işlerine gatnaşýar.

Täžutow rus syýasatçylarynyň bu hüjümlerine Nur-Sultany Ukraina edilen hüjümi goldamaýandygy üçin edilýän aýlawly bir tankyt hökmünde garaýar.Bu ýerde awtor aýratynam Russiýanyň ozalky prezidenti, häzirki Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedewiň Gazagystany "emeli döwlet" we "öňki Russiýa topragy" diýip atlandyran “Wkontakte” sosial ulgamy sahypasyndaky jedelli ýazgy barada durup geçýär.

Ol ýazgy çalt öçürildi, Medwedew hasabyň “döwlendigini” öňe sürdi, her nähili-de bolsa, bu ýazgynyň mazmuny Russiýanyň beýleki ýokary derejeli resmileriniň çagyryşlaryna meňzeýär (2014-nji ýylda prezident Wladimir Putin gazaklaryň "döwletliliginiň ýokdugyny" aýtdy, 2020-nji ýylda Döwlet Dumanyň deputatlary Wýaçeslaw Nikonow we Ýewgeniý Fedorow Demirgazyk Gazagystany "rus halkynyň sowgady" diýip atlandyrdy).

Ahas Täžutow Medwedewiň sahypasyndaky ýazgynyň Kremliň syýasy tehnologlary tarapyndan "sahnalaşdyrylandygyny" aradan aýyrmaýar.Ol Medwedewiň hasabynyň döwülmändigi barada habar beren Glavred.info web sahypasyna we GeneralSVR telegram kanalyna salgylanýar.

Bu dawa-jenjelli hat barada Gazagystanyň resmileri hiç hili reaksiýa bildirmediler, belki, olar duýdansyz ýagdaýa garaşan däldirler. Emma Kaznetde gyzgalaňly diskussiýalar başlandy.

"Wall Street Journal" neşiriniň synçysy Ewan Greşkowiç Gazagystanyň ýokarky syýasy gatlagynyň Moskwanyň ritorikasyndan aladalanýandygyny we ýurduň harby býudjetini 918 million dollar artdyrandygyny ýazdy. Şol neşiriň beýleki bir habarçy Şelbi Hollideý Gazagystanyň öz “strategiýasyna täzeden” garaýandygyny we Hytaý hem Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy berkidýändigini aýtdy.

Bu tebigatdaky makalalar Russiýanyň Merkezi Aziýada täsiriniň agalyk etmeginiň häzirki wagtda çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny görkezip biler. "Kim şeýle maglumatlaryň "syzmagyna" ýol beren bolsa, hut şu netijäni gazanmak islän bolmagy mümkin" diýip, Täžutow hasap edýär.

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY RUSSIÝADAN AÝRYLÝARMY?

“Russiýanyň global täsirine uzak möhletleýin zarba urmak we Ukrainadaky wagşyçylyklaryň gaýtalanmazlygy üçin, hökman çäre görülmeli. Bu iş Ýewropa Bileleşiginiň hem onuň agzalarynyň örän möhüm gaýra goýulmasyz işlerinden biri bolmaly. Bu meselede iň möhüm sebitleriň biri Merkezi Aziýa” diýip, Belgiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň öňki wekili Žan de Ruýt EUObserver neşirinde ýazýar.

Öňki diplomat SSSR darganyndan soň Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem Özbegistanyň Russiýa bilen ýakyn aragatnaşyk saklap gelendigini belleýär. Ýöne soňky ýyllarda sebitde möhüm syýasy özgerişler bolup geçdi we häzirki wagtda Merkezi Aziýa çynlakaý öwrülişik pursadyny başdan geçirýär. "Sebitde eýýäm üýtgeşik şemaly öwüsýär" diýip, makalanyň awtory de Ruýt hasap edýär.

Sebitdäki ýurtlaryň hiç biri-de Russiýanyň Ukrainada alyp barýan harby hereketlerini goldamady. Gazagystan bilen Özbegistan Ukraina ynsanperwer kömegini iberdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň "Russiýanyň söweşine we onuň täsirine ýuwaşlyk bilen garşy çykýandygyna" öňki diplomat ynanýar. “Ýewropanyň we Günbataryň borjy bu ýurtlara Russiýadan has uzaklaşmagyň pragmatiki saýlawdygyny subut etmek bolup durýar. Geosyýasy artykmaçlyklardan başga-da, şeýle öwrüm Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin, köp artykmaçlyklary getirer" diýip, makalada aýdylýar.

Awtor Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwdany ep-esli giňeltjek mümkinçiliklerini görýär. Ol Ýewropany Russiýanyň energiýasyna garaşlylykdan aýyrmak üçin, ägirt uly möçberde nebit we gaz öndürijiler bolan Gazagystan hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk potensialy barada ýazýar. De Ruýt "Hazar deňziniň üsti bilen eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek

üçin, Gazagystany maliýe we tehniki goldaw bilen üpjün etmekde, özara strategiki gyzyklanmanyň zerurlygyny" belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, Özbegistanyň we Türkmenistanyň dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň hatarynda durýandygyny ýatladýar we gowy dolandyryş, gatnaşyklarda çydamlylyk, deňlik we adam hukuklaryna hormat meselesinde, Ýewropa gymmatlyklaryny ösdürmegiň wajyplygy barada aýdýar.

HYTAÝ MAŞYNLARY GAZAGYSTANYŇ BAZARYNDA Iňlis dilindäki Eurasianet web sahypasy sanksiýalar sebäpli awtosenagat pudagynda ýitgi çekýän Russiýadan importyň azalmagy sebäpli, Gazagystany Hytaý awtoulaglarynyň “eýeleýändigini” ýazýar.

Awtoulag satyjy “Astana Motors” ýakyn wagtda Hytaýyň Çunçina şäherinden “Changan” öndürijileriniň awtoulag import edip başlajakdygyny mälim etdi. Ulaglaryň sentýabr aýynda, Gazagystana gelmegine garaşylýar.

Beýleki bir hytaý awtoulag öndürijisi Çeri geçen ýylyň ahyrynda, gazak bazaryna girdi. Alty aýdan soň, Gazagystan Awtoulag Işewürlik Assosiasiýasynyň (GAIA) maglumatyna görä, ol söwda markasy bazaryň iň meşhur onlugyna girdi. Beýleki bir “Haval” markasy 2021-nji ýylyň aprelinde bazara girdi, Jacak we Lifan bolsa birnäçe ýyl bäri gazak bazarynda.

2021-nji ýylda Gazagystanda satylan täze awtoulaglaryň (dört müňden gowrak awtoulag) 3,4 göterimini Hytaý markalarynyň emele getirendigini, munuň bolsa 2020-nji ýyldakydan iki esse köpdügini GAIA habar berdi. 2022-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda, dört sany hytaý öndürijisi tutuş 2021-nji ýyldakyça awtoulag satdy.

Eurasianet neşiri satuwyň artmagynyň birnäçe sebäpleriniň bardygyny ýazýar. Birinjiden, bahalary bäsdeşlige ukyply. Ikinjiden, reklama mahabat çäreleri ýokary, ol hytaý harytlarynyň hili we howpsuzlygy bilen baglanyşykly umumy garaýyşlary ýeňip geçmäge gönükdirilen. Üçünjiden, gazagystanly alyjylarda saýlaw çäkli. Ýaponiýanyň we Ýewropanyň tanalýan markalary satuwda ýok: Russiýada köp marka öndürilenem bolsa, sanksiýalar sebäpli ol ýerdäki

zawodlar öz konweýerlerini saklamaga mejbur boldular. Netijede, Gazagystanda awtoulaglaryň we olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiligi emele geldi.

“Hytaý firmalary boşlugy doldurmak isleýäne meňzeýär. Awtoulaglary getirmek 18 günden köp wagt almaýar. Çeriniň iş ugrukdyryjysynyň sözüne görä, ätiýaçlyk şaýlary bir hepde töweregi wagtyň içinde gelýär” diýip, makalada ýazylýar.

“Rul başynda” atly awtoulag žurnalynyň baş redaktory Alekseý Alekseýew Ukrainadaky söweşler sebäpli ýüze çykan defisit dowam etse, hytaý öndürijileriniň Gazagystanda satuwyny artdyrjakdygyny we Russiýanyň awtoulag pudagynyň ozalky eýeleýän ornuny doldurjakdygyny çaklaýar.

Elnur ALIMOWA, Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Sungatda dostlukly gatnaşyklar berkeýär
Merkezi Aziýa ýurtlarynda başdan geçirlen soňky wakalar
Aşgabatda suw hojalygy boýunça sebit maslahaty geçirildi
Pravda Boxing: Gurbanow ― Seliwerstow tutluşygy haçan başlanýar?
“Aşgabat 2017” türgenleri “bökdençsiz Internet” bilen üpjün ediler
Türkmenistanda Internet arzanlady, emma...