MOSKWA ŞÄHERINDE BIOLOGIK HOWPSUZLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

MOSKWA ŞÄHERINDE BIOLOGIK HOWPSUZLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Moskwa şäherinde pudagara görnüşde biologik howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi.

Taraplar halkara we sebitleýin derejelerdäki biohowpsuzlyk babatynda pikir alyşdylar. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine, şol sanda hyzmatdaşlygyň geljekki anyk çärelerine garaldy.

Geňeşmelere gatnaşyjylar ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem ugurdaş köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda Biologik we toksin görnüşli ýaraglary gadagan etmek barada Konwensiýanyň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň we GDA-nyň çäklerindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygyň hem-de konstruktiw özara gatnaşyklaryň zerurdygyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

G20 sammitinde global dolandyryşy gowulandyrmaga çagyryş edildi
Biotehnologiýalaryň esasynda çölleşmä garşy göreşmegiň innowasion usullary
Howpsuzlyk edaralary raýatlary pasportlaşdyryş işlerine degişli çäklendirmeleriň gerimini giňeldýär
Türkmenistanda daşary ýurda gitmek isleýänler hilegärleriň duzagyna düşýär
Hünärmenler täze halkara reýsleriň daşary ýurtlulary, Türkmenistana girizmeden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar
Ýaglanma Howpuny Artdyrýan 2 Sany Genetiki Wariant Kesgitlendi