MOSKWA ŞÄHERINDE GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ ÝANYNDAKY YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA TOPARYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

MOSKWA ŞÄHERINDE GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ ÝANYNDAKY YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA TOPARYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri Moskwa şäherinde geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparyň mejlisiniň işine gatnaşdylar.

Mejlisde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň Ykdysady ösüş strategiýasynyň ikinji tapgyryny (20262030ýý.) durmuşa geçirmek boýunça Çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyna aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar maglumat jemgyýetini we sanly ykdysadyýeti ösdürmek, esasy intermodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak, ylmy-tehnologiki ösüş, 2026-njy ýylda GDA-da Saglygy goramak ýylyny geçirmek we beýleki ugurlara degişli resminamalaryň taslamalaryna garadylar.

Toparyň nobatdaky mejlisi 2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

MOSKWA ŞÄHERINDE GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ 106-NJY MEJLISI GEÇIRILDI
Aral deňzi boýunça sebitleýin maslahat
Türkmenistan YHG-niň DIM-niň Geňeşiniň Maşatda geçirilen mejlisine gatnaşdy
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň orta hünär okuw mekdepleriniň tejribesini öwrendi
Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi