Moskwada rus generala ýaragly hüjüm guraldy

Moskwada rus generala ýaragly hüjüm guraldy

Russiýanyň Derňew komiteti anna güni paýtagt Moskwada şahsyýeti näbelli hüjümçi tarapyndan rus rawetka gullugynyň ýokary derejeli ýolbaşçysyna ýaragly hüjümiň guralandygy sebäpli işiň gozgalandygyny habar berdi.

Komitetiň metbugat sekretary Swetlana Petrenko, Moskwanyň demirgazyk günbatarynda general Wladimir Alekseýewe öýüniň öňünde birnäçe gezek ot açylandygyny mälim etdi. Petrenko wakadan soň gaçan hüjümçiniň gözlenýändigini nygtady.

Rus ýolbaşçylar general Alekseýewiň ýaralanyp ýaralanmandygy hakynda hiç hili maglumat bermedi.

Alekseýew 2011-nji ýyladan bäri ýurduň iň güýçli we gizlin howpsuzlyk guramalaryndan biri bolan Russiýanyň baş ştabynyň razwetka gullugynyň başlygynyň birinji orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Petrenko Telegramdan beren habarnamasynda kimdir biriniň bilkastlaýyn janyna kast etmek jenaýaty sebäpli işiň gozgalandygyny mälim etdi.

Russiýada ýaňy ýakynda hem ýokary çinli harby ýolbaşçylardan biri nyşana alnypdy.

Russiýanyň Derňew komitetine görä, dekabr aýynda Baş ştabyň Harby tälim departamentiniň başlygy Fanil Sarwarow Moskwanyň günortasynda ulagyna goýlan partlaýjy maddanyň ýarylmagy sebäpli öldürlipdi.

Ýene degişli makalalar

Horasan Türkçesi
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Polşa Russiýanyň rus harbysynyň janyna kast etmek synanşygy bilen bagly aýyplamalary ret edýär