Mourinionyň topary özbegistanly ýyldyz hüjümçini transfer etdi

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň “Jenoa” toparynda çykyş edýän özbegistanly hüjümçi Eldor Şomurodow karýerasyny ýurduň başga bir toparynda, paýtagtyň “Romasynda” dowam etdirer. 26 ýaşly hüjümçi Žoze Mourinionyň tälimçiligindäki “Roma” kluby bilen 2026-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. “Roma” bu transfer üçin genuelilere 17,5 million ýewro berer.

Geçen tomusda “Rostowdan” “Jenoa” transfer bolan Şomurodow “Serie A”-daky ilkinji möwsüminde 31 oýunda 8 gol geçirdi. Şomurodow paýtagtyň klubunda 14-nji belgili köýnekçäni geýer.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri
“Serie A”-da 13-nji tapgyrdan soň üýtgän zat ýok
Ilkinji ýeňişler, ilkinji ýeňlişler
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy