MST-niň saýlaw netijelerini yglan etmegine garaşylýar

MST-niň saýlaw netijelerini yglan etmegine garaşylýar

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň (Merkezi saýlaw topary MST) giň ýaýran saýlaw galplygy baradaky habarlaryň arasynda 12-nji martda geçirilen irki prezident saýlawlarynyň netijelerini yglan etmegine garaşylýar.

Hökümetçi turkmenportal.com neşiriniň habaryna görä, saýlaw netijeleri 14-nji martda yglan ediler.

Irki prezident saýlawlarynda Türkmenistanyň işden gidýän prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow we başga-da sekiz dalaşgär ýokary döwlet wezipesine dalaş etdi.

Merkezi saýlaw topary 13-nji martda beren beýanatynda saýlawlara gatnaşygyň 97,12 göterime deň bolandygyny mälim etdi.

Saýlawlarda ýol berlen düzgün bozmalar baradaky habarlara garamazdan, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi irki prezident saýlawlarynyň ýurtda “hukuk kadalarynyň berjaý edilýändiginiň” hem-de “demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň beýany” bolandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri saýlawlarda işden gidýän prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowa ses bermek barada saýlawçylara öňünden duýduryş berilýändigi barada, şeýle-de, 13-nji marta geçilen gije bir welaýatda “nädogry kandidata” berlen sesleriň Serdar Berdimuhamedowyň bähbidine üýtgedilýändigi barada habar berdiler.

Döwlet telewideniýesi 12-nji martda dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatda bir saýlaw uçastogyna maşgala agzalary bilen ses bermek üçin barşyny görkezdi. Ol saýlaw uçastogyna, döwlet telewideniýesine görä, kakasy Mälikguly Berdimuhamedowdan miras galan ak reňkli “Lada” kysymly awtoulagda bardy.

Ses berişlikden soň, Serdar Berdimuhamedow iňlis, rus we türkmen dillerinde žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ses berişlige öz maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bilen gatnaşmady. Ol saýlaw uçastogyna ejesi bilen bilelikde bardy. Döwlet telewideniýesi Berdimuhamedowlaryň ses berişlerini görkezdi.

“Watan” habarlar gepleşigi beýleki sekiz dalaşgäriň hem saýlaw uçastoklaryna maşgala agzalary bilen baryşlaryny görkezdi. Saýlaw uçastoklarynda düşürilen wideo reportažlara görä, ses bermezden ozal sekiz dalaşgäriň hem beden temperaturalary ölçendi. Žurnalistler olar bilen gyzyklanmady.

Saýlawlarda ahmal bolan düzgün bozmalar, tötänden, žurnalist kameralarynyň obýektiwlerine hem ildi.

turkmen.news neşiri Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň saýlawlar baradaky wideo reportažyndan bir täsin pursata ünsi çekmegi başardy. Neşiriň döwlet telewideniýesinden alyp, Twitterde paýlaşan bir wideosynda saýlaw gutusyna birnäçe býulleten atýan bir türkmenistanlyny görmek bolýar.

Halkara hukuk kadalaryna laýyklykda saýlawlarda bir saýlawçy diňe bir ses berip bilýär.

Türkiýäniň TRT telekanalynyň türkmen saýlaw uçastoklaryndan taýýarlan bir wideo reportažynda hem, žurnalist kameranyň öňünde çykyş edýän mahaly, bir saýlawçy žurnalistiň arkasynda durup iki saýlaw býulletenini saýlaw gutusyna oklap goýberýär. Bular diňe TW kameralaryna tötänden düşen ownuk pursatlar ýaly bolup görünse-de, saýlawlar babatda tomaşaçylarda käbir soraglary döredýär.

Türkmenistanda fewral aýynda möhletinden öň prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul edildi. Bu kararyň aňyrsynda ýatan anyk sebäp gümürtik galýan hem bolsa, bu karar Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipeden çekilmek niýetini ýaňzydyp, “ýaşlara ýol bermek islegini” mälim etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

12-nji mart prezident saýlawlary garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň gyssagly geçirilen saýlawlaryň biri boldy.

Synçylar bu saýlawlaryň ýurtda ýokary döwlet wezipesini resmi taýdan atadan ogla geçirmek üçin gurnalan ýasama çäre bolandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri ýiti durmuş-ykdysady kynçylyklary başdan geçirip gelýär. Serdar Berdimuhamedow kasam kabul edip, prezident wezipesine girişse, durmuş-ykdysady taýdan lagar düşen ýurdy öz kakasyndan miras alar. Halkara hukuk goraýjy toparlar türkmen hökümetini öz raýatlarynyň syýasy we raýat azatlyklaryny berk çäklendirmekde hem-de özge pikirliligi basyp ýatyrmakda tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Merkezi saýlaw topary Prezident saýlawlarynda býulletenleri 100 göterim sanady
Türkmenistan 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirer
ÝHHG Türkmenistandaky saýlawlara negatiw baha berdi, oppozisiýa ýok, metbugata häkimiýet agalyk edýär diýdi
27.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň MST-y parlament saýlawlaryny amala aşan diýip ykrar etdi
Elektron tölegiň çägini giňeldýär