“MTS-Türkmenistan” emlägini satmagy dowam etdirýär

Öýjükli mobil operatory “MTS-Türkmenistan” ozal ulanyşda bolan ofis mebellerini satmagy dowam etdirýär. Bu baradaky bildiriş kompaniýanyň saýtynda çap edildi.

Ýatladýarys, MTS 2018-nji ýylyň dowamynda b/u kondisionerlerini we transformator podstansiýalaryny satdy.

Öýjükli mobil operatory “MTS-Türkmenistan” öz işini 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň aýagynda bes etdi. Türkmenistan ýygylyklary ulanmaga beren ygtyýarnamasynyň möhletini uzaltmakdan boýun gaçyrdy. Ýapylan wagtynda operatoryň 1,7 mln abunaçysy bardy.

2018-nji ýylyň iýulynda MTS maýa ýatyrym dawalaryny çözýän Halkara merkeze Türkmenistanyň üstünden şikaýat bilen ýüz tutdy.

Operator öz çeken zyýanynyň möçberini $750 mln diýip görkezdi.Türkmen tarapy muňa jogap edip, MTS-i psihologiki basyş görkezmekde aýyplady.

2019-njy ýylyň ýanwarynda rus kompaniýasynyň öz Aşgabatdaky desgalaryny we esasy stansiýalaryny sökýändigi hem-de Türkmenistanda gutarnykly çykýandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

16.11.2017 | Türkmenistan telekommunikasiýalar ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge girişýär
Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyry birnäçe iri taslamalary özünde jemleýär
01.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy
Altyn Asyr ÝGPJ oba ýerleriniň öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrýar
Xiaomi Türkiýede Öýjükli Telefon Öndürmäge Başlady
Türkiýe tokaý ýangynlaryna garşy göreşde DKTR-na goldaw berýär