Müsürde ýolagçy otlusy demir ýoldan agdy

Müsürde ýolagçy otlusy demir ýoldan agdy

Müsürde ýolagçy otlusy demir ýoldan çykdy, heläkçilik Kair şäherinden demirgazykdaky Kalýub şäherinde boldy diýip, Habar 24 ýazýar.

Deslapky maglumatlara görä, otly relslerden çykdy we demir ýol stansiýasyna baryp uruldy. Azyndan iki adamyň gurban bolandygy, 23 adamyň ejir çekendigi aýdylýar. Halas edijiler adamlary zeper ýeten wagonlardan çykaryp, golaýdaky hassahanalara ýerleşdirdiler.

Heläkçiligiň sebäpleri öwrenilýär. Çaklamalaryň birine görä, otlynyň maşinisti tizligi ýokarlandyrypdyr. Hadysanyň sebäpleri derňelýär.

Ýene degişli makalalar

Uçar Heläkçiliginden 32 Adam Halas Boldy
Müsürde otly çaknyşygynda 20 adam ejir çekdi
Balkanda dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar, ölüm hadysalary barada habar berilýär
Eýranda Bolan Awtobus Heläkçiliginde Pakistanly 28 Adam Ýogaldy
Garabogazda ýol heläkçiliginde Ýokary gözegçilik edarasynyň iki işgäri heläk boldy
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy