
Peskow Paýtagt Moskwada žurnalistleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi.
“Waşington Post” gazetiniň Müsüriň Russiýa raketa ugratmagy meýilleşdiruýändigi hakyndaky habarlar barasynda beýanat beren Peskow: “Bu, gaýtalanýan ýalan habarlara meňzeýär. Şeýle habarlar hakynda analiz berilmeli” diýdi.
Peskow Russiýa bilen Ýaponiýanyň arasynda 2-nji Jahan urşundan bäri jedelli bolmagynda galýan Kuril adalary boýunça soraga jogap berip; “Kuril adalary Russiýa Federasiýasynyň aýrylmasyz bölegidir” diýdi.