Mugla Kruiz Gämileri Bilen 1 Ýylda 88 Müňden Gowrak Ýolagçy Geldi

Mugla Kruiz Gämileri Bilen 1 Ýylda 88 Müňden Gowrak Ýolagçy Geldi

Mugla, şu ýyl “ýüzýän myhmanhana” hökmünde häsiýetlendirlen kruiz gämileri bilen 88 müň 910 ýolagçy geldi.

Mugla welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdüri Hüseýin Toprak, kruiz syýahatçylygy pudagynyň gün saýyn ösýändigini aýtdy.

Toprak, 1484 kilometrlik kenarýaka zolagy bilen Türkiýäniň iň uzyn kenar ýaka şäheri hökmünde bilinýän Muglanyň kruiz gämileri üçin hem amatlydygyny nygtap, “Şu ýyl Bodruma 75 kruiz gämisi bilen 62 müň 261 ýolagçy, Marmarise 23 kruiz gämisi bilen 26 müň 649 ýolagçy geldi. Kruiz gämileri bilen gelen jemi 88 müň 910 ýolagçyny kabul etdik” diýdi.

Şu ýyl dürli ýurtlardan gelen gämileriň esasan Bodrum we Marmaris portuna gelendigini aýdan Toprak, ABŞ-nyň, Germaniýanyň we Britaniýanyň başda durmagynda esasan ÝB-ne agza ýurtlardan gelen syýahatçylary myhman alandyklaryny belledi.

Ýene degişli makalalar

Mugla welaýatyna şu ýylyň ilkinji 5 aýynda 306 müň iňlis syýahatçy geldi
“Star Legend” Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
“Star Legend” Atly Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny