Mugla welaýatynda 33 bosgun halas edildi

Mugla welaýatynda 33 bosgun halas edildi

Türkiyäniň Kenarýaka howpsuzlyk serkerdeliginiň internet saýtynda berilen habara görä, Bodrum welaýatynyň suw giňişliginde bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda bosgunlaryň bolan ýerine topar gönükdirildi.

Toparlar Gresiýa tarapyndan Türkiyäniň suw giňişligine itilen 12-si çaga 33 bosguny halas etdiler.

Etrabyň suw giňişliginde tapawutly wagtlarda Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar tarapyndan anyklanan 3 aýry çiýşirilen gaýyk saklanyp, 13-si çaga 67 bosgun bilen 2 bosgun kontrabandaçysy tussag edildi.

Şübhe astyndaky adamlar göz tussaglygyna alyndy, bosgunlar deslapky işlerden soň welaýat Migrasiýa müdürligine gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Mugla welaýatynda 79 bosgun halas edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mugla welaýatynda 14 bikanun immigrant halas edildi
FETÖ-niň agzasy Koraý Wural Türkiyä getirildi
“Star Legend” Atly Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny