Muhammet bin Salman Eýranda saparda bolar

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bakiri, Saud Arabystanyň mirasdüşer Şazadasy Muhammed bin Salmanyň Eýrana amala aşyrjak saparynyň iki ýurduň iş meýilnamasynda bardygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Bakiri bu barada Ministrler Kabinetiniň maslahatyndan soň mälim etdi.

Muhammed bin Salmanyň Eýrana saparynyň iki ýurduň iş meýilnamasyna goşulandygyny we bu mesele boýunça işiň täze hökümet gurlandan soň dowam etdiriljekdigini Bakiri sözüniň üstüne goşdy.

Eýranly resmi saparyň senesini aýtmady.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhmedow Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Er-Riýadda metro açyldy
Putin Bilen Salman Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Saud Arabystanyna Bardy
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar