Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat geçirildi

Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat geçirildi

Şu gün — 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap! atly dabaraly maslahat geçirildi.

Dabaranyň başynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşylary topary Aýjemal Gaýlyýewanyň sözlerine, Gurbanmyrat Baýjykowyň sazyna döredilen Alkyş aýdýas Arkadagly Gahryman Serdara! atly aýdymy ýerine ýetirdiler.

Dabaraly maslahatda ilkinji bolup, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Mährijemal Mämmedowa çykyş edip, ýakynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlary, onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan gülledip ösdürmek ugrunda geljek ýyllarda alnyp baryljak işler barada gürrüň berdi.

Şeýle-de wise-premýer çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Gözel Şagulyýewa, Garagum žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Hormatly il ýaşulusy Orazguly Annaýew, Türkmen dünýäsi gazetiniň baş redaktory Batyr Myradow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Sähragül Janmämmedowa, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyjow geňeşligindäki 2-nji diregli oba medeniýet öýüniň sazandasy Merjen Manadowa dagy çykyş edip, ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän taryhy işler, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde öňe sürlen döwlet maksatnamalary barada özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Dabarada barşynda Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewiň ýerine ýetirmeginde şahyr Akmyrat Rejepowyň sözlerine, Babamyrat Babaýewiň sazyna döredilen Arkadagly Serdarymyz atly aýdym ýaňlandy. Bu aýdym dabara gatnaşyjylaryň şatlygyny has-da artdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap! atly dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Dabaraly maslahaty Türkmenistan gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebow alyp bardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Gelin gelýär atly täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy
Täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Türkmen artistleri Söýgi we jepa atly taryhy tragediýa bilen TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler
Gülnabat Abdullaýewa halkara festiwalyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy