Myhmansöýerligiň, dost-doganlygyň we hoşniýetliligiň şäheri

28-nji oktýabrda paýtagtymyzda S. Türkmenbaşy we A. Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli Mahabat binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de Diwan myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe

bolmagynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hormatly

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ýol-ulag düzüminiň täze desgalar toplumynyň ýerleşýän ýerine geldi.

Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Hemmeler milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Sungat işgärleri we döredijilik toparlary aýdym-saz, tansly çykyşlary uly joşgun bilen ýerine ýetirip, öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesip, düzümleýin desgalar toplumyny açýar. Şol pursatda asmana dürli reňkli howa şarlary uçurylýar.

Milli Liderimiz awtoulagyna münüp, ulanmaga berlen tonnelden geçdi, soňra merkezinde Mahabat binasy oturdylan aýlawly çatrykdan aýlanyp, paýtagtymyzyň uly ýollarynyň ikisiniň täzelenen ugry boýunça hereketiň açylmagyna badalga berdi.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli toplumyň taslamasyny düzmek we gurmak, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak hem-de eltiji inženerçilik kommunikasiýalaryny çekmek türkmen telekeçilerine ynanyldy.

Hormatly Prezidentimiz ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbine sazlaşykly goşulan ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalar toplumyny gözden geçirip, ulanmaga berlen awtoulag tonneli boýunça geçip barýan gelnalyjyny synlaýar.

Onuň yzysüre tonnel boýunça çagalary alyp barýan awtobuslar geçdi. Täze ýoluň aşagyndan çekilen geçelge boýunça ilkinjileriň hatarynda geçmek olarda uly kanagatlanma duýgusyny döretdi. Awtobuslaryň yzysüre bu ýerden awtoulaglaryň akymy ýola düşdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz pyýada S. Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşen, Aşgabadyň myhmanhanalarynyň üstüni ýetiren täze Diwan myhmanhanasyna tarap ugrady. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi mähirli garşylaýarlar. Döredijilik toparlary dürli öwüşginli aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirýärler.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, uly baýramçylygyň Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly toýunyň ýakynlaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmenistan Bitaraplygyň mekany diýlip yglan edildi.

Diwan adyna eýe bolan täze myhmanhana Diýarymyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri dünýä belli Rönesans kompaniýasy tarapyndan bina edildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu ýerde belent derejeli myhmanlary kabul etmek, olaryň oňat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Myhmanhanada ýaşaýyş otaglary bilen bir hatarda, maslahat zallary, restoranlar, dükanlar hem-de howuzlar göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz täze myhmanhananyň hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gözel paýtagtymyza gelýän myhmanlara ýokary derejede hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Biz geljekde hem amatly şertleri döretmek üçin ähli tagallalary edip, açyk gapylar syýasatymyzy üstünlikli dowam ederis diýip, milli Liderimiz belledi. Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmagy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär we şol pursat asmana dürli reňkli şarlar uçurylýar.

Milli Liderimiz myhmanhana toplumynyň içine girip, onuň gurluşy bilen tanşyp başlaýar. Myhmanhana bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz lýuks we standart derejeli otaglary synlap, şolaryň içki bezelişine we üpjünçiligine aýratyn üns berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň banket zalyny we restoranyny synlap, bu ýere gelýänleriň oňat dynç almagy hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin döredilen şertlere ünsi çekip, myhmanlara medeniýetli we birkemsiz hyzmatlaryň üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem myhmanhanada saglyk otagy göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde myhmanlara hyzmat etmek, zerur bolan ýagdaýynda ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin şertler döredildi. Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda fitnes zaly, gözellik salony we spa-otagy guruldy. Şeýle hem binada degişlilikde 20 we 40 orunlyk bolan maslahatlar zallarynyň ikisi bar, internet zaly, beýleki degişli otaglar göz öňünde tutuldy.

Işjeň dynç almagy we sport bilen meşgullanmagy halaýan myhmanlar üçin toplumyň çäginde tennis korty, köpugurly sport meýdançasy, futbol stadiony, ýüzülýän açyk we ýapyk howuzlar bar. Sowgatlyk harytlary dükanlarynda bolsa, dürli harytlary hem-de amaly-haşam sungatynyň önümlerini satyn almak bolýar. Şeýle hem toplumda ýapyk we açyk awtoduralgalar göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem bu ýerde, myhmanhanada hormatly Prezidentimiz Rönesans Holding türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Işewür paýtagtymyzdaky Diwan myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýandygy hem-de wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden buýsanýandygyny hem-de uzakmöhletleýin esasda ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän şanly sene Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz şu günki wakalar mynasybetli Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Milli Liderimiz bu ýerde kaşaň myhmanhananyň gurluşygyny amala aşyran Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjaga ýerine ýetiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa özüniň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly ylmy işiniň on ikinji jildini sowgat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden Oguzhan köşkler toplumyna tarap ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Rönesans Holding Türkmenistanda täze taslamalary amala aşyrmaga gatnaşar
“Rönesans” Türkmenistanda täze elektrik stansiýalarynyň gurluşygyna gatnaşyp biler
Berdimuhamedowlar türk işewürleri bilen 'özara bähbitli hyzmatdaşlygy' maslahatlaşýar
Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewürler bilen duşuşdy