Nadalyň 8-nji, Switolinanyň 2-nji ýeňşi

“Italiýa Açyk” “Masters” tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda ispaniýaly Rafael Nadal, zenanlaryň arasynda-da ukrainaly Elina Switolina çempion boldy.Toýunsow meýdançada geçirilen ýaryşyň finalynda Nadal geçen ýylyň çempiony, germaniýaly Aleksandr Zwerewden 2:1 (6:1, 1:6, 6:3) hasabynda üstün çykdy. 31 ýaşly tennisçi Rimde 8-nji gezek çempion diýen ady eýeledi.

Bu onuň karýerasy boýunça gazanan 78-nji ATP çempionlygydyr.Zenanlaryň arasynda geçen ýylky final gaýtalandy.Ukrainaly Elina Switolina rumyniýaly Simona Halepi geçen ýyl bolşy ýaly, bu gezegem utmagy başardy.

Garşydaşyny 6:0 we 6:4 hasaplary bilen ýeňen Switolina Rimdäki yzly-yzyna 2-nji ýeňşini baýram etdi (WTA-daky 12-nji ýeňşi).

Ýene degişli makalalar

Awazada dynç alyş möwsümi 15-nji maýdan 1-nji sentýabra çenli dowam eder, Arçman şypahanasynda täze ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär, golf boýunça Aşgabadyň çempionlary yglan edildi we beýleki habarlar
Golf boýunça Aşgabadyň çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi
Diplomatlaryň arasyndaky küşt ýaryşy tamamlandy
Türkmenistanda 21 ýaşdan kiçi şahslara temmäki önümlerini satmak gadagan edildialkogol we temmäki önümlerine goşmaça tölegleriň möçberleri artdyryldy, Koreýadan awtobuslaryň täze tapgyryny satyn almak meýilleşdirilýär we beýleki habarlar
Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji onlugyň üçünji wekili ýaryşdan çykdy
Finlýandiýanyň täze Premýer-ministri
Uimbldon: zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki finalçylar belli boldy