NÄME ÜÇIN IÝMITLER DUZA ÝATYRYLÝAR?!

462175.jpgIýmitleri uzak wagtlap saklamagyň dürli usullary bolup, olar köp ýyllaryň dowamynda gazanylan tejribäniň netijesinde kämilleşdirilipdir.Balyk kakadylyp, gawun örülen tordan asylyp, üzüm dokalan gamşyň ýüzüne serlip gyşyň dowamynda saklanýar.

Häzirki wagtda bolsa sowadyjylar arkaly dürli azyk önümlerini uzak wagtlap saklamak mümkin.Iýmitiň zaýalanmagyna göz bilen görüp bolmaýan kiçijik mikroorganizmler sebäp bolýar.Bakteriýalar iýmitiň içinde sähelçe wagtda köpelýär.

Mysal üçin, bir bakteriýa özüne amatly ýer tapan ýagdaýynda 24 sagadyň dowamynda bir milliona ýetip bilýär.Bu bolsa şol iýmitiň zaýalanmagyna getirýär.Bakteriýalar çakdanaşa yssy ýa-da sowuk ýerlerde köpelip bilmeýär. Şol sebäpli iýmitler sowuk ýerde has gowy durýar.

Ondan başga-da, bakteriýalar şekerli, şor, kislotaly iýmitlerde ýaşap bilmeýär. Şulary göz öňünde tutup, adamlar arzan hem-de saglyga zyýansyz bolansoň iýmitleri duza ýatyrmak usulyndan has köp peýdalanýarlar.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Ahalda we Maryda oba ýaşaýjylaryna mallaryny howludan daşarda otlatmak gadagan edilýär
Balkanda tölegsiz VPN-ler petiklendi, saglyk işgärlerine sosial ulgamlardan peýdalanmak gadagan edildi
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Diňle: Balkanyň häkimiýetleri gözellik hünärmenlerine gözegçiligini we gysyşyny ýene artdyrdy
Balkanyň häkimiýetleri gözellik hünärmenlerine gözegçiligini we gysyşyny ýene artdyrdy
Ýewropa gar ýagdy