Ukyny gowulandyrmak üçin 5 maslahat Düýn nähili ýatdyňyz? 20 gradusdan ýokary temperaturada uklamak kyn bolýar. Çünki yssy gijelerde bedeniň gyzgynlygy ýokarlanyp, ýürek we gan aýlanyş ulgamyna adatdakysyndan has köp agram düşýär. Finlýandiýaly uky lukmany ýatmazdan ozal nämelerden gaça durmalydygy we yssy howada ukynyň hilini nädip ýokarlandyrmalydygy barada käbir maslahatlary berýär. Lukmanyň maslahatlaryny inosmi.ru saýty paýlaşýar.
Kuopio uniwersitet hassahanasynda işleýän, Finlýandiýanyň Somnologiýa jemgyýetiniň başlygy, kliniki newrofiziologiýa we somnologiýa boýunça hünärmen Anu Muraýa-Murronyň sözlerine görä, yssyda ukyňy oňat alyp bilmezlik adaty bir hadysadyr.Temperatura, adatça, 20 gradusdan ýokary bolanda, ukynyň hiline täsir edip, onuň rahat bolmagyna zyýan ýetirýär.
Yssy biziň ukymyzy bozup, az güýç berýär. Ýylylyk bermegi ýokarlandyrmak hem-de bedeni sowatmak üçin ýürek derä we el-aýaklara has köp gan geçirmeli bolýar.Yssyda adam bedeni aşa agram düşmäge ýakyn, az-kem dartgynly ýagdaýda bolýar.
Hut şunuň özi-de ukynyň hilini bozýar diýip, Murro aýdýar.Gije yssyda oýanmak ukynyň bioritmlerini bozup biler.Yssy howa ukynyň gurluşyny bozýar we onuň siklleri azaşýar.Adatça, gije ilki ýeňil uky, soňra bolsa çuňňur uky bolup, ondan soň çalt faza başlanýar.
Waka hadysalar uky wagtynda aýlawly gaýtalanýar. Çalt fazada adam has köp düýş görýär.Muraýa-Murronyň pikiriçe, gijeki ukudan soň irdenki ýadawlyk, esasan, bioritmleriň bozulmagy bilen baglanyşyklydyr. 5 ýyl mundan ozal lukmanlardyr gözegçiler uky wagtynda üýtgeşik bir zat bolman, beden diňe dynç alýar diýip ynanýardylar.
Indi bu pikir üýtgedi.Uky wagtynda beýnide işjeň arassalaýyş işleriniň geçýändigi subut edildi.Beden beýnä arka beýni suwuklygyny iberýär we limfa ulgamy ony şol bada arassalaýar.Bu ulgam ukynyň çalt fazasynda beýnidäki artykmaç zatlary çykarmaga kömek edýär.
Eger-de ukynyň çalt fazasy bolmasa ýa-da bozulsa, onda gije beýni arassalanmaýar. Şonuň üçinem biz ertir irden özümizi ysgynsyz duýýarys diýip, Murro düşündirýär.
Yssyda ukyny gowulandyrmak üçin lukmanyň 5 maslahaty:
