Näme üçin Derýalar şol bir tarapa akýar?

Beýleki ähli jisimlerde bolşy ýaly suw hem Ýeriň dartyş güýji bilen aşaklygyna gidýär. Ýagny haýsy tarap oý bolsa, şol tarapa akýar.Derýalar adatça daglaryň beýik gerişlerindäki garyň, buzuň eremegi, ýagynyň ýagmagy bilen emele gelýän kiçijik çeşmeleriň birikmegi bilen döreýär, deňiz derejesinden has belentde dörän hanadan aşaklygyna akyp başlaýar.

Ahyrynda bolsa, deňze, köle ýa-da başga bir derýa baryp guýýar.Derýanyň hanalary ýüzlerçe ýyl ozal emele gelip, köp wagtdan bäri şol ugurdan akmagyny dowam etdirýär.Käbir derýalar bolsa, öz ugurlaryny üýtgedýär.

Muňa derýanyň hanasynyň gyrmançalar bilen dolmagy sebäp bolýar. Şeýle ýagdaýda hanasyna sygmadyk suw başga ugur tapyp, şondan akyp başlaýar.

Derýalar barada maglumatlar

Dünýädäki käbir derýalar ýylyň belli döwründe guraýar. Diňe ýagynly möwsümde akýan şeýle derýalara Günorta Ýewropada, Günorta Amerikada, Afrikada we Awstraliýada gabat gelmek bolýar. Şuňa meňzeş derýalar adatça deňizden ýa-da ummandan uzakdaky giň düzlüklerde bolýar. Käbir derýalaryň bolsa gurap galanyna müňlerçe ýyl bolupdyr.

Arabystan ýarym adasyndaky Wadi Hadramaut jülgesi birnäçe asyr ozal derýa bolupdyr. Italiýadaky Tibr hem-de Angliýadaky Temza derýalarynyň hanasy hemişe doly bolup, ýylyň käbir döwründe belli ýerlerinde joşgunlar emele gelýär.

Dünýäniň iň uzyn derýasy bolan Nil öz gözbaşyny Orta Afrikanyň daglaryndan alyp Ortaýer deňzine çenli 6650 kilometrden gowrak aralyga uzap gidýär.

Dünýäniň iň gysga derýasynyň uzynlygy 61 metre ýetýär. ABŞ-nyň Montana ştatyndaky Ro derýasy 1989-njy ýylda bu ugurda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilýär.

Dag eteklerinde has dik hanadan akanlarynda derýanyň ýa-da çeşmäniň suwunyň akymy güýçli bolýar.

Derýa bilen bagly käbir sözler

Adak: Daşgyn wagtynda derýanyň kenarlarynyň suw basýan ýerleri ýa-da derýa gollarynyň arasynda galýan kiçijik adajyk.

Akgaýyr: Derýanyň suwunyň çekilen ýeri.

Arna: Derýanyň özünden aýrylyp, ýene şoňa goşulýan goly.

Bent: Derýalarda, kenarlarda suwuň derejesini ýokaryk galdyrmak we bölüşdirmek üçin gurulýan desga.

Degiş: Derýanyň kenaryny opuran ýeri.

Şogap: Derýanyň akymynyň bölünmegi bilen suwuň ortasynda galan zolak gury ýer.

Üňüz: Akabanyň galdyran sudury, yzy galan ugry.

Ýene degişli makalalar

Türkmendeňizderýaýollary agentliginde Niderlandlaryň kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Ýanwar aýynda 600 tonna barabar baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy
Koş Tepa kanalynyň gurluşygy serhetaşa derýalardan peýdalanmagyň halkara kadalaryna ünsi çekýär
Türkmen wekiliýeti Bakuwda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
Lebap welaýatynda buýan köki ýygnalýar
$5 milliard dollarlyk Arkadag şäherindäki jaýlaryň hili köpleri lapykeç edýär