Näme üçin Täze ýylda arça bezelýär?

Ilki bilen arça barada käbir maglumatlary öwreneliň.Arçanyň dünýäde 115 töweregi görnüşi bolup, agajyň bu görnüşi hemişe gök öwüsýän ösümlikleriň hataryna girýär. Şeýle ösümlikleriň arasynda agaçlar bilen bir hatarda gyrymsy agaçlar we beýleki ösümlikler hem bar.

Bu ösümlikler sowuga çydamly bolup, ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwsüp oturýar.Beýleki ösümliklerden tapawutlylykda gyş paslynda olaryň ýapraklary (has dogrusy pürleri) düşmeýär.Hemişe gök öwüsýän agaçlar diýilýän hem bolsa, bu ösümlikleriň goňur-gyzgylt pürli görnüşleri hem bolýar.

Köp ýagyş ýagýan tokaýlyklarda şeýle agaçlara has köp duş gelinýär. Şeýle-de bolsa, arçalar dünýäniň dürli howa şertlerinde bitýän çydamly ösümlik hasaplanýar. Şol sebäpli boş ýerleri tokaýlaşdyrmak üçin has köp arça ekilýär.

Munda arçanyň tiz boý almagynyň hem täsiri bar.Tiz ýetişensoň gurluşyk senagatynda we kagyz öndürmekde ulanmak maksady bilen hem arça ekilýär.

Täze ýyl baýramçylygynda arça bezelmegi öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji gezek bu däbiň Germaniýanyň günbatarynda ýüze çykandygy çaklanylýar. Orta asyrlarda arça bezelende olaryň şahajyklaryna alma we kökeler asylypdyr. Soňky ýyllarda arça şahalaryna dürli jäjekler we reňkli bezegler gydyrylypdyr. Häzirki wagtda Täze ýyl arçasynyň has köp görnüşli bezegleri bar.

Ählumumy baýramçylyk

Häzirki wagtda bütin dünýäde ulanylýan milady senenama görä, 1-nji ýanwar ýylyň ilkinji güni hasaplanýar. Şol sebäpli bütin dünýäde baýram hökmünde bellenilip geçilýär.Hijri-kamary ýyl hasabyna görä, bolsa ýylyň ilkinji aýy aşyr aýy hasaplanýar.

Hijri senenama Aýyň hereketi bilen bagly bolup, bir hijri ýyl 354 gün bolýar. Şol sebäpli hijri ýyl milady ýyldan 11 gün az bolýar.Milady senenama Ýeriň Günüň daşyndan aýlawyna görä düzülen. Ýagny, biziň planetamyz 364 (käbir ýyl 365) günde Günüň daşyndaky bir aýlawyny tamamlaýar.

Hijri senenama Aýyň Ýeriň daşyndaky aýlawyna görä düzülen bolup, Ýeriň ýeke-täk hemrasy hasaplanýan Aý planetamyzyň daşyndaky bir gezekki aýlawyny 354 günde tamamlaýar. Ähli çagalaryň hyýaly gahrymany bolan Aýazbabanyň ilkinji gezek häzirki Niderlandlar patyşalygynda peýda bolandygy çaklanylýar.

Aýazbabanyň çagalara sowgat bermek däbiniň bolsa, Skandinaw halklarynyň medeniýeti bilen baglydygy aýdylýar.

The post Näme üçin Täze ýylda arça bezelýär? appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Ysraýyl Liwanyň günortasyna hüjüm gurady
26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ysraýyl, Liwana Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenbaşy şäherindäki mekdebe baryp gördi